"Siriýa goldaw bermäge dowam ederis"

Lawrow Siriýanyň Daşary işler ministri Welid Muallim bilen duşuşdy

207045
"Siriýa goldaw bermäge dowam ederis"


Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow terrorçylyga garşy göreşde Siriýs goldaw bermäge dowam etjekdiklerini aýtdy.
Lawrow Soçi şäherinde Siriýanyň Daşary işler ministri Welid Muallim bilen duşuşdy.
Lawrow Ýakyn Gündogaryň durnuklylygyna abanýan essy howpyň terrorçylykdygyny belledi
Sergeý Lawrow “Şol howpa garşy göreşde Siriýa goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.
Siriýanyň Daşary işler ministri Welid Muallim Lawrow bilen bolan duşuşygyndan ozal Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşandygyny aýtdy.
Muallim Putiniň Siriýanyň Prezidenti Başar Asad bilen edýän gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda tutanýerlidigine ünsi çekendigini belledi


Etiketkalar:

Degişli Habarlar