BMG owgan halky üçin kömek sorady

Owganystana kömek bermek maksady bilen halkara jemgyýetçiliginden 405 million dollarlyk kömek soraldy

206710
BMG owgan halky üçin kömek sorady


BMG 2015-nji ýylda Owganystana kömek bermek maksady bilen halkara jemgyýetçiliginden 405 million dollarlyk kömek sorady.
Beriljek kömegiň owgan halkynyň saglygy goraýyş, azyk, agyz suwy ýaly beýleki mätäçlikleri üçin sarp ediljekdigi nygtaldy.
Şu ýyl Owganystanyň çar tarapyndan söweşler sebäpli 100 müň adam öýlerini terk etmäge mejbur boldy we 8 müň adamyň hem hökümete garşy toparlar tarapyndan guralan hüjümlerde ýogalandygy nygtaldy.
Çaknyşyklaryň möwjemegi sebäpli has köp kömege mätäçlik duýuljakdygy bellenildi.
Owganystanda 1,2 million çaga ýeterlik derejede iýmitlenmeýär, 500 çaganyň hassalyk sebäpli ýogalandygy, 4 müňe golaý owgan maşgalanyň hem çadyrlarda ýaşaýandygy ýatladyldy.
BMG Owganystana ynsaperwer kömeginiň berilmegi üçin halkara jemgyýetçiliginden geçen ýyl 406 million dollar talap edipdi emma şol sanyň diňe 63 göterimini alyp bildi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar