Ladyn gün tertibinde esasy orun eýelemäge dowam edýär

Robert O’Neill Waşington Post gazetine beren beýanatynda Ladini özüniň öldürendigini aýtdy

184850
Ladyn gün tertibinde esasy orun eýelemäge dowam edýär

Osame Ben Ladyn gün tertibinde esasy orun eýelemäge dowam edýär.
ABŞ-na 11-nji sentýabrda guralan terrorçylykly hüjümden soň ünsleri özüne çeken we 2011-nji ýylda guralan operasiýada öldürlen Osame Ben Ladyn gün tertibinde esasy orun eýelemäge dowam edýär.
2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda guralan terrorçylykly hüjümden soň duşman hökmünde yglan edilen Al Kaidanyň lideri Osame Ben Ladin birnäçe ýylyň dowamynda yzarlandy we ahyry 2011-nji ýylyň maý aýynda tapyldy.
ABŞ Pakistanda guralan operasiýada Osame Ben Ladini öldürdi.
Ladini kimiň öldürendigi meselesi hemmeleri gyzyklandyrýardy.
Operasiýa gatnaşan ýörite desant toparyndan Robert O’Neill Waşington Post gazetine beren beýanatynda Ladini özüniň öldürendigini aýtdy.
O’Neill, Matt Bissonnette bilen birlikde ýene-de iki adamyň Ladine ot açandygyny belledi.
Bissonnette 2012-nji ýylda çap edilen kytabynda wakany biraz tapawutly gürrüň berýär.
Kytapda Osame Ben Ladine kimiň ot açandygy aýdylmaýar.
Bissonnette hakynda gizlin maglumatlary paş edendigi sebäpli derňew işi gozgaldy.
38 ýaşyndaky Robert O’Neill bolsa tejribelerini ýurduň çar tarapynda berýän konferensiýalarynda gürrüň berýär.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar