Müsür halkara derejesinde goldaw gözleýär

Müsüriň Daşary işler ministri daşary ýurtlylaryň Müsürdäki baş ilçileri bilen duşuşmagy meýilleşdirýändigini aýtdy

172508
Müsür halkara derejesinde goldaw gözleýär

Müsür anna güni Sina ýarymadasynda 33 esgeriň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümlerden soň halkara derejesinde goldaw gözleýär.
Müsüriň Daşary işler ministri Samih Şükri halkara derejesinde goldaw berilmegi üçin daşary ýurtlylaryň Müsürdäki baş ilçileri bilen duşuşmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.
Şükri terrorçylyga garşy göreşde daşary ýurtlardan syýasy we ykdysady taýdan has köp kömege garaşýandyklaryny beleldi.
Hüjümden soň Sina ýarymadasynyň demirgazygynda 3 aý adatdan daşary ýagdaý yglan edilipdi.
Prezident Sisi ýarymadada Gaza serhedinde ara zolagyň çäginiň giňeldilip bilinjekdigini aýtdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar