Hazarýaka döwletleriniň Prezidentleriniň maslahaty

Hazar deňizine kenary bolan 5 ýurduň prezidentleri Hazar deňiziniň hukuk derejesini kesgitlemek üçin düýn Russiýanyň Astrahan şäherinde duşuşdylar Maslahata Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Eýranyň döwlet ýolbaşçylary gatnaşdylar

144784
Hazarýaka döwletleriniň Prezidentleriniň maslahaty

Maslahata Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Eýranyň döwlet ýolbaşçylary gatnaşdylar
Taraplar maslahatda Hazarda içerki deňiziň bölüşilmegi boýunça başlangyç ylalaşyk gazandylar. Bu barasynda geljek ýyl şertnama baglaşylmagy barasynda karara gelindi.

Maslahatda kabul edilen karara laýyklykda kenarýaka döwletleriniň özygtyýarlylyk giňişligi 15 mil, özüne mahsus balykçylyk giňişligi bolsa 10 mil bolar. Ondan aňyrdaky giňişlikde bolsa baýlyklar bilelikde peýdalanylar.
Emma Hazar deňizinde anyk serhetler kesgitlenmedi, nobatdaky maslahata çenli bu ugurdaky taýarlyklaryň tamamlanmagy göz öňünde tutulýar.
Maslahatda 2 ýylyň dowamynda Hazarda bilelikdäki deňiz türgenleşiginiň geçirilmegi hem gün tertibine geldi.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin maslahatda çap edilen jarnamanyň Hazaryň hukuk derejesi bilen bagly şertnamanyň özenini emele getirjekdigini nygtady.
Putin diňe Hazara kenary bolan ýurtlaryň sebitde harby güýç ornaşdyrmalydygyny öňe sürdi.
Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew bolsa Hazar deňiziniň geljekde-de parahatçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk sebiti bolmagyny umyt edýändigini aýtdy.
Aliýew sebitleýin howpsyzlyga abanýan ýeke-täk howpyň Ermenistanyň Azerbaýjana garşy alyp barýan basyp alyjy syýasatydygyny nygtady.
Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bolsa Hazar deňizine serhetdeş ýurtlarda erkin söwda giňişliginin döredilmegini teklip etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar