Global howa çalşygy dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugry

192 ýurduň wekilleriniň ganaşmagynda Nýu-Ýorkda geçirilýän Howa çalşygy maslahatynda parnik gazynyň zyňylymyny azaltjak çäreler ara alynyp maslahatlaşylýar

135275
Global howa çalşygy dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugry

Soňky 20 ýylda dünýhäniň gün tertibinden düşmeýän howa çalşygy bilen bagly işleriň ýüze çykaran netijesi bolsa begendiriji däl.

BMG-nyň çap eden Howa çalşygy baradaky soňky habarnamasyna laýyklykda, gury ýerde artýan ýylylyklar sebäpli ösümlik hem-de haýwan görnüşleriniň esasy bölegi diňe dünýäniň demirgazygynda ýaşamaga mümkinçilik tapar.
Şeýle dowam eden halatynda azyk önümleriniň bahasy hem dünýä derejesinde 85 göterime çenli gymmatlar.
Habarnamada sil apatlary we jowzaly yssy sebäpli adam pidalarynyň artjakdygy beýan edilýär.
Bu, gysga möhletde ýoksul, uzak möhletde bolsa baý ýurtlara ýaramaz täsir ýetirer.
Beýleki bir habarnama bolsa birnäçe gün mundan ozal çap edildi.
Habarnama görä fosil ýangyçlarynyň ýanmagy we sement önümçiligi sebäpli emele gelýän uglekisel zyňylymy 2013-nji ýylda 2,3 göterim artypdyr.
Ýagny, dünýäniň galan 2 graduslyk uglerod kwotasy 30 ýylyň dowamynda dolar.
Şu günki günde dünýäde zyňylýan uglerod gazynyň 28 göterimi Hytaýdan çykýar.
Hytaý şol mukdar bilen ABŞ-nyň we Ýewropanyň zyňýaň jemi uglerod mukdaryndan ýokarda durýar.
Şeýlelikde şu gün geçirilýän maslahatda Hytaý esasy pozisiýasyny eýeleýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar