Ýemende hökümet bilen husiler ylalaşyk gazandy

Ýemende dartgunluk çözüldi

134224
Ýemende hökümet bilen husiler ylalaşyk gazandy

Ýemende hökümet bilen husiler ylalaşyk gazandy.
Prezident Abdurrabu Mansur Hadiniň BMG-nyň Ýemendäki wekili Jemal Benömeriň we husi taýpasynyň liderleriniň gatnaşmagynda geçirlen dabarada hüjümleriň bes edilmegi barasyndaky şertnama gol çekişildi.
Şertnama husileri hem öz içine alýan täze hökümetiň gurulmagyny, şaýy başbozarlaryň 4 gün ozal başlan çaknyşyklarda ele geçiren ýerlerinden yza çekilmegini göz öňünde tutýar.
Prezident Hadi paýtagt Sananyň käbir etrapçalarynda gije köçä çykylmagyny gadagan etdi.
Ýemende käbir töwerekler husileri agdarlyşyk etmek bilen günäkärleýär, husiler bolsa deň derejeli hak-hukuklara eýe bolmak isleýändiklerini nygtaýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar