Ruhani terrorçylyga garşy hyzmatdaşlyk çagyryşyny berdi

Ruhani Daniýanyň Daşary işler ministri Martin Lidegaard bilen duşuşdy

118244
Ruhani terrorçylyga garşy hyzmatdaşlyk çagyryşyny berdi


Eýranyň Prezidenti Ruhani “Sebitde ýerleşýän ýurtlar terrora garşy birlikde hereket eden halatynda gysga wagtda oňyn netije alarys”diýdi.


Ruhani Ýakyn Gündogarda terroryň ýaýbaňlaşýandygy barada duýduryş berdi we terrorçylyga garşy göreşde sebitara we halkara derejesinde hyzmatdaşlyk edilmelidigini aýtdy.


Ruhani Eýranda saparda bolýan Daniýanyň Daşary işler ministri Martin Lidegaard bilen duşuşdy.


Maşad şäherinde bolan duşuşykda Ruhani käbir ýurtlaryň terror guramalaryna goldaw bermäge dowam edýändigini nygtady.


Ruhani “Käbir ýurtlaryň tutumynyň heniz üýtgemändigini görýäris. Terrorçylar ýaralandyrylýar we goralýar. Olaryň terrora berýän goldawyny kesmekleri üçin tagalla edilmeli” diýdi.


Ruhani Ýakyn Gündogardaky terror meselesiniň sebit bilen çäkli galmajakdygyny nygtap “Sebitdäki terrorçylykly aksiýalar dowam eden haaltynda sebitara we halkara derejesinde durnuksyzlyk emele geler” diýip belledi.


Daniýanyň Daşary işler ministri Lidergaardyň Günbatarly käbir ýurtlaryň Ýakyn Gündogarda terrora garşy alnyp barylýan göreşe goldaw berjekdigini aýtmagy sebäpli Ruhani “Günbatarly ýurtlaryň terrorçylyga garşy göreşde içgin bolmaklaryny umyt edýärin” diýdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar