Merkel gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky beýanaty

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel terror guramasyna ýarag berilmeýändigini aýtdy

102106
Merkel gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky beýanaty

Merkel “Yrak-Damask Yslam Döwleti guramasyna garşy Yragyň Kürt Awtanomiýasyna ýarag ugradýarys. Şol çäkde PKK-nyň ýaraglary almagy mümkin däl” diýdi.
Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel Germaniýanyň 1-nji teleýaýlymynda gün tertibindäki soraglara jogap berdi.
YDYD guramasynyň hüjümleri sebäpli Yragyň demirgazygynda “genosid” howpynyň bardygyny nygtan Merkel, hökümetiň şol howpa garşy sebitleýin dolanşyga ýarag kömegini bermegi ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy.
Merkel käbir nemes syýasatçylary tarapyndan beýan edilen “Terror guramasyna-da ýarag kömeginiň berilmegi” baradaky tekliplerini bolsa kabul etmedi.
Angela Merkel “Yragyň merkezi hökümeti tassyklanan halatynda Kürt Awtanomiýasyna ýarag ugradyp bileris. Şol çäkde PKK-nyň ýarag almagy mümkin däl” diýdi.
Merkel nemes razwedkasynyň Türkiýäni diňländigi barasyndaky habarlar hakynda garaýyş beýan etmekden gaça durdy, emma habarlary inkär etmedi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar