Germaniýa Albaniýany hem diňläpdir

Bu barasynda “Spiegel” žurnaly habar berýär

101264
Germaniýa Albaniýany hem diňläpdir

“Spiegel” žurnalynyň habar bermegine görä nemes hökümetiniň görkezmesinde bar bolan içalylyk işleriniň alynyp baryljak ýurtlarynyň sanawynda Albaniýa hem bar
Habarda Albaniýanyň NATO agza bolmazyndan ozal içalylyk işleriniň alynyp barylmaly ýurtlarynyň sanawyna degişli edilendigi nygtalyp, Germaniýanyň Albaniýada esasanda guramaçylyly jenaýatlar bilen gyzyklanandygy mälim edilýär.
Nemes hökümeti tarapyndan razwedka gullugy BND-ä berilen 2009-njy ýyldaky görkezmede Türkiýäniň we Albaniýanyň bardygy, Amerikanyň Merkezi razwedka gullugynyň adyna içalylyk edýändigi şübhesi bilen 3-nji iýulda saklanan BND-nin Markus R. atly içalysynyň amerikalylara beren resminamalarynda görkezilýändigi öňe sürüldi.
Germaniýanyň Türkiýäni 2009-njy ýyldan bäri diňleýändigi barasyndaky habarlar bir hepde mundan ozal “Spiegel” žurnalynyň habary bilen ýüze çykypdy. Şondan soň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly nemes kärdeşi Frank-Walter Steinmeire telefon edip “hyzmatdaş iki ýurduň biri-birine garşy içalylyk işlerini alyp barmagynyň kabul edilip bilinmejekdigini” nygtapdy.
Beýleki tarapdan Germaniýada çap edilýän “Fokus” žurnaly BND-niň NATO-nyň agzasy bolan Türkiýäni 1976-njy ýyldan bäri diňleýändigini we şol kararyň döwrüň kansleri Helmut Şmidiň karary bilen kabul edilendigini ýazdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar