Gaza guralýan hüjümler dowam edýar

Harby uçarlary bu gezek As-Zewaýide etrapçasyny bombalady

100737
Gaza guralýan hüjümler dowam edýar

Ysraýyl tarapyndan Gaza guralýan hüjümler dowam edýar.
Ysraýylyň harby uçarlary bu gezek As-Zewaýide etrapçasyny bombalady.
Hüjümde 1 zenan ýogaldy, 3 adam ýaralandy.
Şeýlelikde Ysraýylyň 7-nji iýuldan bäri Gaza guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 2 müň adamdan geçdi.
Hüjümlerde 10 müňden gowrak adam hem ýaralandy.
Ýogalanlardan 550-den gowragynyň palestinaly çagalardygy nygtaldy.
Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda ylalaşygyň bozulmagyndan soň ýaňadandan başlan hüjümlerde Ysraýylly 1 çaga ýogaldy.
Çaganyň ýogalmagyndan Hamasyň jogapkärdigini öňe süren Ysraýylyň Premýer ministri Netanýahu Ysraýylyň ýaragly güýçleri tarapyndan guralýan hüjümleriň güýçlenjekdigini aýtdy.
Beýleki tarapdan Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky hüjümleriň bes edilmegi maksady bilen geçirilýän gepleşikleriň ýaňadandan başlamagyna garaşylýar.
Palestinaly we Ysraýylly toparlaryň Müsüriň töwellaçylyk etmegindäki gepleşik stoluna ýaňadandan oturmaga oňyn garaýandygy nygtaldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar