Ynsanperwer kömegi Lugansk şäherine tarap ýola çykdy

Ukrainanyň hökümeti kerweniň birugsat serhetden geçendigini öňe sürdi

100079
Ynsanperwer kömegi Lugansk şäherine tarap ýola çykdy

Russiýanyň Ukrainanyň gündogaryna ugradan 270 konteýnerlik ynsanperwer kömegi Lugansk şäherine tarap ýola çykdy.
Ukrainanyň hökümeti kerweniň birugsat serhetden geçendigini öňe sürdi.
2 müň tonnalyk ynsanperwer kömegini alyp barýan kerweniň Ukraina girenden soň ýükünü düşürýän merkeze barmagyna garaşylýar.
Ynsanperwer kömeginiň kime nähili ýagdaýda paýlanjakdygy meselesi bilen Halkara gyzylhaç guramasy gyzyklanýar.
Ukrainanyň hökümeti Moskwadan ýola çykan ynsanperwer kömeginiň Ukrainanyň gündogarynda ýaragly güýçler bilen çaknyşýan separatistlere ýarag daşaýandygyny öňe sürýärdi.
Russiýa bolsa öňe sürülýän garaýyşlaryň hakykaty beýan etmeýändigini nygtaýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar