Ylalaşygyň möhleti ýene-de 5 gün uzaldyldy

Ysraýylyň harby goşuny düýn hüjümleriň 72 sagatlyk möhlet bilen bes edilmeginiň gutarmagyna birnäçe sagat galanda Gazadan Ysraýyla roketa hüjümini guralandygyny habar berdi

90221
Ylalaşygyň möhleti ýene-de 5 gün uzaldyldy

Hamas bolsa Ysraýylyň harby goşunynyň habarynyň hakykaty beýan etmeýändigini mälim etdi.
Hamasyň metbugat geňeşçisi, Kassam goşunlarynyň haýsydyr bir hüjüm guramandygyny aýtdy.
Kairdäki gepleşikleri alyp barýan Palestinanyň wekliliýetiniň başlygy Azzam Al Ahmed bolsa Ysraýyl bilen palestinaly toparlaryň arasyndaky ylalaşygyň möhletiniň ýene-de bäş gün uzaldylandygyny aýtdy.
Ysraýyl bu barasynda henize çenli beýanat bermedi.
Hüjümleriň bes edilmegi baradaky ylalaşygyň bäş gün uzaldylmagyndan 35 minut soň Ysraýylyň harby uçarlary Gaza sektorynyň dürli ýerlerine 4 hüjüm gurady. Hüjümlerde ekerançylyk meýdanlary we boş ýerler bombalady.
Resmi edaralar hüjümler barasynda beýanat bermedi, Ysraýylyň harby uçarlarynyň Gazanyň howa giňişliginde uçýandygy nygtaldy.
Taraplar düýn gije möhleti gutaran hüjümleriň bes edilmegi baradaky ylalaşygyň uzaldylmagy üçin Müsüriň paýtagty Kairde gepleşik geçirýärdi.
Ysraýylyň 7-nji iýulda başlan hüjümlerinde häzirki wagta çenli esasy bölegi asuda ilatdan 1900-den gowrak palestinaly ýogaldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar