Yragyň Prezidenti Masum Abadini premýer ministr hökmünde belledi

Yrakda hökümeti gurmak jogapkärçiligi Haýdar Al Abada berildi

87725
Yragyň Prezidenti Masum Abadini premýer ministr hökmünde belledi

Yrakda hökümeti gurmak jogapkärçiligi Haýdar Al Abada berildi.
Yrakda Şaýy milli hyzmatdaşlygy, Yragyň Parlamentiniň başlygynyň orunbasary Haýdar Al Abadini premýer ministrlige dalaşgärlige hödürledi.
Yragyň Prezidenti Fuat Masum hem Abadiniň Premýer ministrlige dalaşgärlige hödürlenmeginden soň Abadini täze premýer ministr hökmünde belledi we hökümeti gurmak jogapkärçiligini berdi.
Yragyň Premýer ministri Nuri Al Maliki Abadiniň täze Premýer ministr hökmünde bellenmegini konstitutsiýanyň basgylanmagy hökmünde görýändigini we jenaýat işini gozgajakdygyny aýtdy.
ABŞ bilen Britaniýa Abada hökümeti gurmak jogapkärçiliginiň berilmeginden hoşal.
ABŞ-nyň Wise-prezidenti Jo Baýden Adabi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi we Abadini gutlady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar