Hillary Klinton Prezident Barak Obamany berk tankyt etdi

Klinton Obamanynyň Siriýa we YDYD guramasy barada alyp barýan syýasatyny berk tankyt etdi

86694
Hillary Klinton Prezident Barak Obamany berk tankyt etdi

ABŞ-nyň ozalky Döwlet sekretary Hillary Klinton Prezident Barak Obamany berk tankyt etdi.
Klinton Obamanynyň Siriýa we Yrak Damask Yslam Döwleti guramasy barada alyp barýan syýasatyny berk tankyt etdi.
Klinton “The Atlantik” žurnalyna beren beýanatynda Obamany Siriýada YDYD guramasyna mümkinçilik döretmek bilen günäkärledi.
Obamanyň Siriýadaky oppozisionerlere ýeterlik derejede goldaw berip bilmändigini aýdan Klinton Asada garşy harby goşunyň döredilmändigi sebäpli YDYD guramasynyň täsiriniň güýçlenendigini aýtdy.
Klinton halkara gatnaşyklarda Obamanyň has täsirli syýasat alyp baryp bilmeýändigini belledi.
Klinton YDYD guramasynyň güýçlenmeginiň we Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän wakalaryň Ýewropa we ABŞ-na hem ýaramaz täsirini ýetirip biljekdigini aýtdy.
Klinton 2015-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlarynda Demokratiýa partiýasyndan dalaşgär bolup biljekdigini nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar