ABŞ YDYD guramasyna degişli ýerleri bombalaýar

ABŞ-nyň Howa güýçleri Erbiligiň golaýynda terror guramasy YDYD guramasyna degişli ýerleri bombalady

84362
ABŞ YDYD guramasyna degişli ýerleri bombalaýar

ABŞ Yragyň Erbil şäherinde YDYD guramasyna degişli ýerleri bombalaýar.
Uçarmansyz howa ulaglary bilen guralan hüjümlerde YDYD guramasyna degişli bir kerwen bilen topçy batereýasy nyşana alyndy.
ABŞ-nyň Howa güýçleri Erbiliň golaýynda terror guramasy YDYD guramasyna degişli ýerleri bombalady.
Soňky hüjümlerden ilkinjisiniň uzakdan gönükdirilýän howa ulagy, ikinjisiniň bolsa 4 sany F/A 18 kysymly uçar bilen guralandygy nygtaldy.
Howa hüjümlerinde Yrak Damask Yslam Döwleti guramasyna agza 8 adamyň ýogalandygy, 20-siniň ýaralanandygy bellenildi.
Yragyň Daşary işler ministri Hoşýar Zebari ABŞ-na howa hüjümleri sebäpli minnetdarlygyny bildirdi we “YDYD guramasy her pursatda ýeňilişe sezewar edilip bilner” diýdi.
Beýleki tarapdan ABŞ-nyň Wise-prezidenti Jo Baýden Yragyň Prezidenti Fuad Masum bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi we Demirgazyk Yrakdaky harby operasiýalar we Bagdatda hökümetiň gurulmagy barasyndaky işler barada pikir alyşdy.
Baýden YDYD guramasynyň Yraklylar üçin howplydygyny we Yraga goldaw bermäge dowam etjekdiklerini nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar