Ysraýyl howa hüjümlerine ýaňadandan başlady

Müsürde geçirlen gepleşikler netije bermedi

83637
Ysraýyl howa hüjümlerine ýaňadandan başlady

Gazada 72 sagatlyk möhlediň gutarmagyndan soň Ysraýyl howa hüjümlerine ýaňadandan başlady.
Hüjümleriň yzygiderli bes edilmegi üçin Müsürde geçirlen gepleşikler netije bermedi.
Gepleşikleriň geçirilýän sagatlarynda topraklaryna 10 roketanyň atylandygyny öňe süren Ysraýyl ýaňadandan Gazany bombalamaga başlady.
Ysraýylyň hökümetiniň metbugat geňeşçisi Mark Regew ylalaşygyň bozulmagyndan Hamasyň jogapkärdigini aýtdy.
Ysraýylyň 1 aýdan bäri Gaza guraýan hüjümlerinde 1900-den gowrak palestinaly ýogaldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar