YDYD guramasyna garşy howa hüjümleri guralar

Obama YDYD guramasyna garşy howa hüjümleriniň guralmagy barasynda görkezme berdi

83095
YDYD guramasyna garşy howa hüjümleri guralar

ABŞ-dan Yrakdaky gyrgynçylyk bilen baglanşykly garaşylýan beýannama geldi.
ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama Yrak Damask Yslam Döwleti guramasyna garşy howa hüjümleriniň guralmagy barasynda görkezme berdi.
Obama, Amerikan esgerleriniň sebite söweşmek üçin ugradylmajakdygyny belledi.
Barak Obama Ak Tamda Yrakdaky soňky wakalar hakynda beýanat berdi.
YDYD guramasy tarapyndan edilýän gyrgynçylyklara ünsi çeken Obama, YDYD guramasy Erbile tarap gitmäge dowam eden halatynda howa hüjüminiň guraljakdygyny nygtady.
Obama Erbilde Amerikaly diplomatlaryň bardygyny ýatlatdy we amerikan hünärmenlerine howp abanan halatynda guramanyň agzalarynyň nyşana alynjakdygyny aýtdy.
Prezident Obama Sinjar şäherinde başdan geçirilýan wakalara hem ünsi çekdi we Amerikan güýçleriniň gyrgynçylygyň öňüni alyp biljekdigini, sebitde başdan geçirilýän wakalara biperwaý garap bilmejekdiklerini nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar