BMG Gaza meselesini ara alyp maslahatlaşar

BMG-nyň Baş Assambleýasynda Gaza meselesi boýunça maslahat geçiriler

79913
BMG Gaza meselesini ara alyp maslahatlaşar

193 agzadan ybarat bolan BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 68-nji döwürleýin ýolbaşçysy Jon Aşeniň beren beýanatyna laýylykda Assambleýanyň maslahaty arap ýurtlarynyň islegine laýyklykda geçiriler.
Maslahatda BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ýokary wekili Nawi Pillaý bilen BMG-nyň palestinaly bosgunlara kömek guramasy UNRWA-nyň baş sekretary Pierre Krahenbuhl, BMG-nyň gumanitar işler we adatdan daşary ýagdaýlar boýunça utgaşdyryjysynyň orunbasary Kýung-wha Kang we BMG-nyň wekili we ýörite wekili Robert Serri ýörite doklad bilen çykyş ederler.
BMG-nyň iň ýokary organy bolan Baş Assambleýasynda geçirilen soňky maslahatda Gazada hüjümleriň dessine we şertsiz bes edilmegi barada çagyryş berilipdi. Emma kanuny güýji bolan haýsydyr bir çäre görülmändi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar