Hytaýda ýer titremesinde çekilen ýitgi agyrlaşýar

Hytaýda düýn bolan 6,1 bala barabar ýer titremesinde ýogalanlaryň 381 adama ýetdi

78558
Hytaýda ýer titremesinde çekilen ýitgi agyrlaşýar

Ýaralananlaryň sany bolsa 1800-den gowrak. 200-den gowrak adam bolsa dereksiz ýitdi.
Hytaýyň günorta-günbataryndaky Ýunnan welaýatynda güýçli ýer titremesi boldy.
Güýç merkezi Wenping şäheriniň golaýynda bolan ýer titremesi, güýçli sarsgyna we baş-başdaklyga sebäp boldy
Ýeriň 10 kilometr aşagynda bolandygy habar berilen ýer titremesinde köp sanly öý ýykyldy.
Ýaralananlar halas ediş toparlary we esgerler tarapyndan halas edildi.
Hytaýyň döwlet teleýaýlymy welaýatda soňky 14 ýylyň güýçli ýer titremesinin bolandygyny habar berdi.
Ýunnan welaýaty Hytaýyň günortasynda Mýanma we Taýland serhedinde ýerleşýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar