Ylalaşyk bozuldy

Ysraýyl ylalaşygyň güýje girmeginden 3 sagat soň Refah şäherini bombalady

76444
Ylalaşyk bozuldy

Gazada Palestina bilen Ysraýylyň arasynda ot açyşlygyň 72 sagat möhlet bilen bes edilmegi barasynda gazanylan ylalaşyk bozuldy.
Ysraýylyň ýaragly güýçleri ylalaşygyň güýje girmeginden 3 sagat soň Refah şäherini bombalady.
Hüjümde ýogalanlaryň sany 50 adama ýetdi.
Hamas ylalaşykdan ozal ysraýylly ofiseri zamun alandygyny aýan etdi. Ysraýyl hem ofiserinden hiç hili habar alyp bilmändigini tassyklady.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri ylalaşyk gazanylandygyny aýan edipdi emma ylalaşygyň möhledi diňe 3 sagat dowam etdi.
Ysraýylyň Refah şäherinde guran hüjümlerinde onlarça adam hem ýaralandy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar