Uçar heläkçiligi diplomatik krizise öwrülýär

Waşington Moskwany, Moskwa hem Kiýewi günäkärleýär

65902
Uçar heläkçiligi diplomatik krizise öwrülýär

Uçar heläkçiligi diplomatik krizise öwrülýär.
Ukrainada heläkçilige uçran Malaýziýa degişli ýolagçy uçary meselesinde Waşington Moskwany, Moskwa hem Kiýewi günäkärleýär.
Malaýziýanyň howa ýollaryna degişli MH17 saparyny amala aşyrýan uçaryň urlup düşürilmegi meselesi halkara diplomatik krizise öwrülýär.
Britaniýanyň Premýer ministri Dewid Kameron Moskwanyň, wakanyň derňelmeginiň öňüni alan halatynda Russiýa goýlan embargolaryň ýokarlandyrylmalydygyny nygtady.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Russiýa üçin hakykatlary beýan etmegiň wagtynyň gelendigine ünsi çekdi we separatistleriň ýolbaşçylaryndan käbiriniň russiýalydygyny öňe sürdi.
Kerri Russiýanyň separatistleri ýarag bilen üpjün edýändigini we harby taýdan tälim berýändigini aýtdy.
Russiýanyň Prezidenti Putin bolsa öňe sürülýän garaýyşlaryň hakykaty beýan etmeýändigini aýtdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar