Gaza guralýan hüjümler dowam edýär

Ysraýyl, Gazada 6 sagatlyk ylalaşykdan soň hüjümlerini dowam etdirýär

131646
Gaza guralýan hüjümler dowam edýär


Ysraýyl, Gazada 6 sagatlyk ylalaşykdan soň hüjümlerini dowam etdirýär.
Ysraýyl Gazada ýerleşýän Wefa keselhanasyna, keselhananyň ýolbaşçylarynyň ýaralananlar sebäpli keselhanany boşatmagy kabul etmändigine garamazdan hüjüm gurady.
9 günden bäri dowam edýän hüjümlerde Ysraýyl tarapyndan öldürlen palestinalylaryň sany 208 adama ýetdi.
Ysraýyl bolsa hüjümlerde düýn ilkinji ýitgisini çekdi.
Gaza serhediniň golaýynda Ysraýylly esgerlere iýmit paýlaýan bir ysraýylly atylan roketa sebäpli ýogaldy.
Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahu Hamas ot açyşlygyň bes edilmegini kabul etmän halatynda hüjümleri güýçlendirmekden başga alternatiwleriniň galmandygyny aýtdy.
Ysraýylyň ýaragly güýçleri Gazanyň demirgazygynda we gündogarynda ýaşaýan 100 müň palestinalydan öýlerini gyssagly boşaltmagyny isledi.
Palestinalylara öýlerini terk etmekleri üçin şu gün irdene çenli möhlet berlendigine garamazdan Gazalylar gider ýaly howpsuz ýerin ýokdugy sebäpli öýlerini terk etmejekdiklerini aýdýar.
Ysraýylyň şol sebitlery her pursatda bombalamagyna alada bildirilýär.
Ysraýylyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gury ýer hüjümleri üçin görülýän taýarlyklaryň tamamlanandygyny ýazýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar