Gaza bombalanýar

Harby uçarlar metjitler bilen birlikde müňden gowrak nyşanany bombalady

126919
Gaza bombalanýar

Gaza birnäçe günden bäri bombalanýar.
Harby uçarlar metjitler bilen birlikde müňden gowrak nyşanany bombalady
Ysraýylyň ýekşenbe gününden bäri Gaza guraýan hüjümlerinde 121 adam ýogaldy.
Gazadaky Palestinanyň hökümetiniň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat geňeşçisi Eşref Al Kudra beren beýanatynda, Ysraýylyň harby uçarlarynyň Gazanyň gündogaryndaky At Tufah etrapçasyna guran howa hüjüminde 3 adamyň ýogalandygyny aýtdy.
Kudra ýekşenbe gününden bäri Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sanynyň 121 adama ýetendigini ýatlatdy.
Ýogalanlaryň esasy böleginiň zenanlardan we çagalardan ybaratdygyna ünsi çeken BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ýokary komisary Newi Pileý halkara hukugyň basgylanandygyny aýtdy.
Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, derman ýetmezçiligi we keselhanalarda generatorlar üçin zerur bolan ýangyjyň ýoklygy sebäpli Gazadaky saglygy goraýyş ulgamynyň çökmegiň bäri ýanyna gelendigini aýan etdi.
Ysraýylyň ýaragly güýçleri gury ýer hüjümlerine başlamak üçin taýarlyk görýär.
Ätiýaçdaky müňlerçe esger harby gullugyň hataryna çagyryldy.
Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahu heniz “Gaza giriň” diýip görkezme bermedi.
Gazanyň dolulygyna basylyp alynmagy meselesi hem Ysraýylda jedelleşilýän esasy meselelerden biri.
Gazada gyssagly ýagdaý yglan eden BMG-nyň Palestinaly bosgunlara ýardam düzümi, Ysraýylyň halkara hukuk kadalaryny basgylandygyna ünsi çekýär.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar