Ysraýyl Gaza guraýan hüjümlerini dowam etdirýär

Hüjümlerde ýogalan palestinalylaryň sany 130 adama ýetdi

122707
Ysraýyl Gaza guraýan hüjümlerini dowam etdirýär


Ysraýylyň harby uçarlarynyň Gazanyň demirgazygynda ýerleşýän bir öýe guran howa hüjüminde şol bir maşgaladan 7 adam ýogaldy. Ýogalanlardan ikisi çaga.
Ysraýylyň hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 130 adama ýetdi.
Yslamy Jihad hereketiniň ýaragly toparynyň serkerdelerinden Hafiz Hamad Gaza sektorynyň demirgazygynda ýerleşýän bir öýe Ysraýylyň ýaragly güýçleri tarapyndan guralan hüjümde ýogaldy.
Beýleki tarapdan Hamasa degişli İzzeddin Al Kassam atly harby topar, Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri sebäpli roketa hüjümlerini başladandyklaryny aýan etdi.
Ysraýylyň ýaragly güýçleri bolsa ätiýaçdaky 40 müň esgeri harby gullugyň hataryna çagyrdy.
Arap Ligasy, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşine Ysraýylyň hüjümleriniň öňüniň alynmagy üçin gyssagly jemlenişmek barada çagyryş berdi.
BMG hem Gazadaky wakalara alada bildirýändigini aýtdy.
Ak Tam bolsa “Ysraýyla garşy guralýan roketa hüjümlerini berk ýazgarýandyklaryny” aýan etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar