Ukrain goşunlarynyň uly üstünligi

Slawýansk ukrain goşunlarynyň gözegçiliginde

119678
Ukrain goşunlarynyň uly üstünligi

Ukrainada hökümete degişli harby güýçler Russiýanyň tarapynda durýan separatistleriň gözegçiligindäki Slawýansk şäherini düýn yzyna aldy.
Şeýlelikde hökümete degişli güýçler rus tarapdarlaryna garşy uly üstünlik gazandy.
Prezident Petr Poroşenko gazanylan üstünligi “öwrülşik nokady” hökmünde häsýetlendirdi.
Separatistleriň esasy merkezlerinden biri bolan we aprel aýyndan bäri dowam edýän çaknyşyklaryň möwceýän ýeri bolan Slawýansk şäheri ukrain goşuny tarapyndan agyr tok okuna tutuldy.
Şäheri alan ukrain esgerleri häkimligiň binasyna Ukrainanyň baýdagyny asdy. Rus tarapdarlary bolsa topary ýaňadandan birleşdirmek we hücüm etmek üçin şäheriň daşyna çykdy.
Esgerler bilen bilelikde Slawýansk şäherini gezen Ukrainanyň täze goranmak ministri Waleri Heleteý azyk we beýleki gyssagly encamlar ýüklenen üç uçaryň 100 mün ilatly şähere gysga möhletde ugradylcakdygyny aýtdy.
Şäherdäki çaknyşyklarda ýaralanan 150-ä golaý separatistiň Donetsk şäherinde becergi alýandygy habar berildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar