Ukraina dartgynly bolmagynda galýar

Ýurduň gündogarynda çaknyşyk habarlary gelýär

108333
Ukraina dartgynly bolmagynda galýar

Ukrainada hökümet bilen Russiýanyň tarapdarlarynyň arasynda ertire çenli dowam etcek ylalaşyk gutarmanka ýurduň gündogaryndan çaknyşyk habarlary gelýär.
Russiýanyň tarapdarlarynyň merkezi hasaplanylýan Slawýanskda elektrik toksuz we suwsyz galan ýaşaýcylar çaknyşyklaryň möwcemegine alada bildirýärler.
Ukrainanyň hökümet sekretary bolsa ylalaşygyň 44 gezek bozulandygyny aýtdy.
Resmi Moskwa bolsa Russiýanyň tarapynda durýan ýaragly toparlary goldaýandygy barasyndaky aýyplamalary ret edýär.
Günbatar Ukraina harby operasiýa guralmagyna mümkinçilik berýän ygtyýarnamany bes eden Russiýanyň çaknyşyklary duruzmak üçin edýän tagallasynyň depginini güýçlendirmelidigini, eger şeýle bolman halatynda goşmaça çäklendirmeleriň goýlyp bilincekdigini duýdurýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar