Siriýadaky açlyk BMG-nyň gün tertibinde

Siriýada gabaw astyndaky şäherlerde hökümet tarapyndan açlyga sezewar edilen adamlaryň ýagdaýy şaýatlar tarapyndan BMG-daky ylmy maslahatda gün tertibine getirildi.

84621
Siriýadaky açlyk BMG-nyň gün tertibinde

Maslahatda çykyş eden siriýaly žurnalist Kusaýr Zekeriýa Damaskyň golaýyndaky Mudamiýe etrabynda pajygaly waka şaýat bolandygyny gürrüň berdi.
Mudamiýede hökümete garşy aksiýalar başlandan soň hökümetiň ähli ýaraglary bilen halka hüjüm edendigini nygtan Zekeriýa, protestler bes edilmändigi üçin şäheriň gurşaw astyna alynandygyny aýtdy.
Gurşawyň bäşinji aýynda öýlerindäki azyklaryň gutarandygyny gürrüň beren Zekeriýa, şäherde azyk önümleriniň, derman we beýleki kömekleriň getirilmegine rugsat berilmändigi üçin açlygyň başlandygyny nygtady.
Kusaýr Zekeriýa adamlaryn agajyň gabygyny iýip, ýaşamaa synanşandygyny aýtdy.
Başar Asadyň Halkara jenaýat kazyýetinde sud edilmelidigini belläp “Bütin dünýäniň bu pajyganyň bes edilmegi üçin bize goldaw bermegine garaşýarys” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar