Obama Ukrainanyň Prezidenti Petr Poroşenko bilen duşuşdy

İki lider Ukrainada başdan geçirilýän wakalar hakynda pikir alyşdy

83223
Obama Ukrainanyň Prezidenti Petr Poroşenko bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama Ýewropa ýurtlaryna guraýan saparynyň çäginde Polşa bardy.
Obama Polşada Ukrainanyň Prezidenti Petr Poroşenko bilen duşuşdy.
Polşada duşuşan iki lider Ukrainada başdan geçirilýän wakalar hakynda pikir alyşdy.
Obama bilen Poroşenko özara duşuşykdan soň metbugata beýanat berdi
Obama Ukraina harby taýdan 5 million dollarlyk goşmaça kömek berjekdiklerini aýtdy.
Barak Obama halkara jemgyýetçiligi tarapyndan goldaw berlen halatynda Ukrainanyň demokratiýa taýdan güýçli ýurt ýagdaýyna geljekdigini belledi.
Obama ýurduna berýän goldawy sebäpli minnetdarlygyny bildiren Poroşenko hem öňlerindäki etabyň ýurdy syýasy krizisden halas etmek we parahatçylygyň ýola goýulmagy taýdan möhümdigini nygtady.
Resmi Waşingtonyň Ukraina mart aýynan bäri harby taýdan 23 million dollardan gowrak kömek berendigi nygtalýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar