Abbas Jon Kerri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

79548
Abbas Jon Kerri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Abbas bilen Kerriniň telefon söhbetdeşliginde parahatçylyk etaby we milli ylalaşyk hökümeti hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.
Palestinanyň resmi habarlar gullugy WAFA-nyň berýän habaryna görä Abbas Kerrä telefon edip guruljak hökümet we parahatçylyk etaby hakynda maglumat berdi.
Mahmud Abbasyň telefon söhbetdeşliginde täze guruljak hökümetiň garaşsyzlardan ybarat boljakdygyny we geljek saýlawlara taýarlanmagy maksat edinýändigini aýdandygy bellenildi.
Beýleki tarapdan şu gün Fetih bilen Hamasyň ylalaşyk gazanmagyna, Ramallahdaky Palestinanyň hökümetiniň Premýer ministri Rami Elhamdulillahyň ýolbaşçylyk etmeginde ylalaşyk hökümetiniň gurulmagyna we hökümetiň agzalarynyň kasam edip wezipelerine başlamagyna garaşylýar.
Hamasyň metbugat geňeşçisi Sami Abu Zuhri mesele barasynda beren ýazmaça beýanatynda guruljak täze hökümetde Ýesirler ministrliginiň bolmagynyň mejburydygyny nygtady.
Fetih hereketi bolsa mesele barasynda heniz hiç hili beýanat bermedi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar