Ermenistanyň Azerbaýjana guran hüjümlerinde ýogalan adamlaryň sany artdy

Azerbaýjanyň Baş Prokuraturasy, Ermenistanyň hüjümlerinde çekilen ýitgiler barada maglumat berdi

1513269
Ermenistanyň Azerbaýjana guran hüjümlerinde ýogalan adamlaryň sany artdy

Ermenistanyň Azerbaýjanyň ýaşaýyş ýerlerine toplar we raketalar bilen guran hüjüminde şu günki güne çenli 63 adam ýogaldy, 292 adam ýaralandy. 

Azerbaýjanyň Baş Prokuraturasy, 27-nji sentýabrdan 21-nji oktýabra çenli Ermenistanyň hüjümlerinde ýogalan we ýaralanan adamlaryň sany barada maglumat berdi. 

Berilen maglumatlara laýyklykda ady agzalan döwürde Azerbaýjanly asuda ilatdan 63 adam ýogaldy, 292 adam ýaralandy. 

Ermenistanyň hüjümlerinde 1981 öý, 90 jaý we döwlete degişli 386 bina ulanyp bolmajak ýagdaýa geldi. 



Degişli Habarlar