Ermenistan Asuda Ilatdan Ýene-de 1 Adamyň Ýogalmagyna Sebäp Boldy

Ermenistanyň guraýan hüjümlerinde ýogalan asuda ilatyň sany 43 adama ýetdi

1508549
Ermenistan Asuda Ilatdan Ýene-de 1 Adamyň Ýogalmagyna Sebäp Boldy

 

Ermenistanyň goşunynyň, wagtlaýyn ylalaşyga garamazdan Azerbaýjanda ilatly ýerlere guraýan hüjümlerinde asuda ilatdan ýene-de 1 adam ýogaldy.

Azerbaýjan, Ermenistanyň goşunynyň şu gün ir ertir Terter welaýatyny nyşana alandygyny habar berdi.

Hüjümde Narly etrapçasynda ýaşaýan 1 adam ýogaldy. Şeýlelikde Ermenistanyň guraýan hüjümlerinde ýogalan asuda ilatyň sany 43 adama ýetdi.

Beýleki tarapdan, Azerbaýjanyň goşuny ilatly ýerlere hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän Ermenistana degişli balistiki raketa ulgamyny hatardan çykardy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, Ermenistana degişli iki balistiki raketa ulgamyndan biriniň ýerli wagt bilen 01.00, beýlekisiniň bolsa 08.36-da hatardan çykarlandygy nygtaldy.

Ermenistanyň, ýitiren ýerlerini ýaňadandan basyp almak üçin gije Agdere, Agdam, Fuzuly, Jebrail we Hadrut taraplaryna hüjüm gurandygy nygtaldy.

Beýannamada, Azerbaýjanyň goşunynyň hüjümleri yza serpikdirendigi, Ermenistanyň goşunlaryna degişli 5 sany T-72 tankynyň, 3 sany “Grad” raketa ulgamynyň, 1 sany OSA zenit ulgamynyň, 1 sany BMP sowutly piýada ulagynyň, 1 sany KS-19 awtomatiki zenit puşkasynyň we 2 sany “D-30” gaubisanyň hatardan çykarlandygy, köp sanly esgeriň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi nygtaldy.



Degişli Habarlar