Ermenistanyň Hüjümlerinde Asuda İlatdan 42 Adam Ýogaldy, 206 Adam Ýaralandy

Ermenistanyň hüjümlerinde 1479 ýaşaýyş jaýy, 66 bina, döwlet eýeçiligine degişli 241 hatardan çykaryldy

1508253
Ermenistanyň Hüjümlerinde Asuda İlatdan 42 Adam Ýogaldy, 206 Adam Ýaralandy

 

Ermenistanyň Azerbaýjanda iatly ýerlere guraýan top we raketa hüjümlerinde häzire çenli asuda ilatdan 42 adam ýogaldy, 206 adam hem ýaralandy.

Azerbaýjan tarapyndan berlen beýannamada, sentýabr aýynyň 27-si bilen oktýabr aýynyň 13-i aralygynda Ermenistanyň hüjümleri sebäpli uly ýitgi çekildi.

Beýannama görä, ady agzalýan döwürde asuda ilatdan 42 azerbaýjanly ýogaldy, 206 adam hem ýaralandy.

Ermenistanyň hüjümlerinde 1479 ýaşaýyş jaýy, 66 bina, döwlet eýeçiligine degişli 241 hatardan çykaryldy.

Azerbaýjanyň goşuny, Ermenistanyň goşunynyň ilatly ýerlere ot açandygy sebäpli 27-nji sentýabrda Ermenistana garşy hüjüme başlapdy.

Ermenistan bilen Azerbaýjan, Russiýanyň paýtagty Moskwada geçirlen gepleşiklerde 10-njy oktýabrdan ýerli wagt bilen 12.00-dan başlap Daglyk Garabagdaky jesetleriň we ýesirleriň çalşygyny göz öňünde tutýan gumanitar maksatly hüjümleriň bes edilmegi meselesinde ylalaşyk gazanypdy.

Ermenistanyň goşuny ylalaşygyň yzy ýanyndan heniz 24 sagat geçmänkä Azerbaýjanyň Genje şäherine raketalar bilen hüjüm etdi. Hüjümde asuda ilatdan 9 adam ýogaldy, 34 adam ýaralanypdy.



Degişli Habarlar