Özbegistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara gatnaşyklar

Ýewraziýa syn

2096809
Özbegistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara gatnaşyklar

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2024-nji ýyldaky ilkinji daşary ýurt saparyny ýanwar aýynyň 23-25-i aralygynda Hytaý Halk Respublikasyna gurady. Prezident Mirziýoýew, Hytaýa guran döwlet saparynyň çäginde Pekinde Hytaý Halk Respublikasynyň döwlet Ýolbaşçysy Si Szinpin, Milli Halk Kongresiniň hemişelik komitetiniň başlygy Çžao Letszi we hökümetiň başlygy Li Çiang bilen duşuşdy. Duşuşykda Hytaýyň Exsim banklynyň Merkezi Aziýadaky şahamçasynyň Daşkentde açylmagy barada karar kabul edildi. Döwlet Ýolbaşçysy Si Szipoin bilen Şawkat Mirziýoýew iki ýurduň arasynda giň gerimli strtegik hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy boýunça ylalaşyk gazandy. Saparyň çäginde geçirlen gepleşikleriň netijesinde Özbegistan bilen Hytaýyň arasynda 15 şertnama gol çekişildi. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň geçen ýylyň maý aýynda Hytaý Halk Respublikasyna guran saparynyň çäginde iki ýurduň arasynda 41 şertnama gol çekişilipdi.

Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew soň bolsa Şençzhenen şäherine bardy we Hytaý-Özbegistan işewürler maslahatyna gatnaşdy. Şawkat Mirziýoýew döwlet saparynyň çäginde Hytaýyň tanymal firmalarynyň ýolbaşçylary bilen hem aýry aýry duşuşyk geçirdi. Prezident Mirziýoýewiň gatnaşmagynda Özbegistanyň Jizak welaýatynda Hytaýly BÝD firmasy tarapyndan elektrik togy bilen işleýän ulag öndürjek desganyň açylyş dabarasy geçirildi. Geçen ýylyň dekabr aýynda Özbegistan Hytaýly Henan Suda firmasy bilen 2033-nji ýyla çenli ýurduň çar tarapynda zarýad beriş beketleriniň goýulmagy boýunça şertnama baglaşypdy. Hytaý häzire çenli Özbegistana 14 milliard dollardan gowrak maýa goýdy.

2023-nji ýyldan başlap Hytaý Özbegistana iň köp maýa guýan ýurt boldy. Taraplar 14 milliard dollara barabar bolan özara söwda mukdaryny gelejek ýyllarda 20 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýär.

Hytaý bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gün saýyn pugtalanýar. Soňky ýyllarda sebitara forumlar geçirilýär we iki taraply saparlar guralýar we birnäçe ugur boýunça iki ýurduň hünärmenleri tejribe alyşýar. Mysal üçin 2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Urumçide Hytaý-Özbegistan ýerli häkimiýetara hyzmatdaşlyk forumy geçirildi. Hytaýyň Özbegistandaky maýa goýumlaryny ýurduň çar tarapynda görmek bolýar. Özbegistan geliş-gidişleriň artmagy üçin Hytaýyň raýatlarynyň ýurda 10 gün möhlet bilen wizasyz girmegine rugsat berýär.

Özbegistan bilen Hytaýyň arasynda 7 şähere uçar saparlary guralýar. Özbegistanly we Hytaýly ýolbaşçylaryň arasynda gazanylan ylalalyga görä, uçar saplarynyň sany 50-a çykarlar.

Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Hytaýa guran döwlet saparynyň çäginde 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň 2-23-i aralygynda Pekinde Hytaý-Özbegistan Bilim forumy geçirildi. Foruma iki ýurtdan 147 uniwersitetiň rekdory gatnaşdy. Forumda Hytaý-Özbegistan uniwersitetler bileleşiginiň döredilmegi barada karar kabul edildi.

Jemläp aýdanymyzda, Özbegistan-Hytaý gatnaşyklary gün saýyn pugtalanýar. İki ýurt energetika, senagat, ulaglar, söwda, maýa goýum we bilim ýaly birnäçe ugur boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Prezident Mirziýoýewiň Hytaýa guran we netijeli geçen döwlet sapary hem özara gatnaşyklaryň has-da güýçlenmegine itergi berer.



Degişli Habarlar