Terrora garşy göreş PKK-KDP çaknyşygy

Hepdäniň syny

2026555
Terrora garşy göreş PKK-KDP çaknyşygy

Türkiýäniň terror guramasy PKK-a garşy alyp barýan göreşi ýurduň içinde, Yrakda we Siriýada güýçli depginde dowam edýär. Terror guramasy PKK-nyň soňky günlerde Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň howpsuzlyk güýçlerini we KDP-ny nyşana almaga başlandygy ünsleri özüne çekýär. Terror guramasy KDP-ni öz barlygy üçin esasy howp hökmünde görýär.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňza ýetirýäris.

Saýlawlardan soň terror guramasy PKK we onuň aşakky düzümlerine garşy harby operasiýalar hem-de howpsuzlyk çäreleri depginini gowşatman gaýtadan başlady. Bar bolan howpsuzlyk paradigmasyna laýyklykda bütin sebite basyş dowam etdirilýän bosla, guramanyň harby taýdan güýçlenmeginiň öňi alynmaga çalşylýar. Türkiýe sebitde Žandarm we türk ýaragly güýçlerine tabynlykdaky harby birikmeler bilen esasanda daglarda galan soňky PKK terrorçylaryny hem ýok etmegiň ugrunda. PKK saýlawlardan soň “çaknyşyksyzlyk” döwrüni bes etmäge mejbur bolandygyny beýan edipdi. Esasanda guramanyň ýurtda aksiýa gurama ukyby birnäçe wagtdan bäri çäklendirilipdi. Esasanda oba partizany görnüşinde dowam edýan tagallalaryň netije bermändigi görülýär. Türkiýäniň pro-aktiw göreşe esaslanýan howpsuzlyk doktrinasy dowam edýärkä, saýlawlardan soň degişli howpsuzlyk operasiýalarynyň gerimi giňeýär. İçeri işler ministrliginiň beren soňky beýanatyna görä, 2023-nji ýylyň 27-nji maýyndan bäri Türkiýäniň çetki etraplarynda we daglyk sebitlerinde 77 PKK terrorçysy galdy. Bu sanyň hakykaty doly beýan edip etmeýändigi näbelli hem bolsa, guramanyň agzalarynyň sanynyň, logistiki we ornaşyş ukybynyň iňňän azalandygy görülýär.

Şeýle hem Yrakda we Siriýada harby operasiýalar dowam edýär. Esasanda soňky günlerde gaýtadan Yragyň demnirgazygynda Türk ýaragly güýçleri hökmürowanlyk sferasyny giňeltmek üçin operasiýalary alyp barýar. Esasanda Zap etrabynda güýçli çaknyşyklar dowam edýar. Yrak Kürdistan ýurtsöýerler bileleşigine degişli KDP-ä tabynlykdaky Peşmerge güýçleri hem Türk ýaragly güýçleri bilen bilelikde hereket edip, Zap etrabynda ornaşmaga başlady. PKK terrorçylary Peşmergä garşy terror hüjümlerini gurap, KJK/PKK-nyň ýokary dolanşygy bolsa KDP-niň liderlerine garşy beýanatlar berýärler. PKK Türkiýe bilen bilelikde hereket edýän YKBÝ/KDP-niň gözegçiligine degişli sebitlerde bikanun häkimiýet zolaklaryny döredip, şol ýerleri terror merkezine öwürmäge çalyşýar. Guramanyň Eýran, Haşdi Şabi we KÝB bilen dürli ylalaşyklar arkaly KDP-ni ejizletmäge synanşýandygy görülýär. KDP bolsa terror guramasyna garşy günsaýyn güýçli başlangyçlar edýär. KDP öz sebitinde durnuklylygy ýola goýmak isleýän bolsa, PKK-nyň ýok edilmegi üçin Türk ýaragly güýçleri bilen bilelikde has güýçli we egilşiksiz hereket etmeli. Şol çäkde ýakyn döwürde PKK bilen KDP/Peşmergeleriň arasynda çaknyşyklar güýçlenjege meňzeýär.

 



Degişli Habarlar