Asyryň Tebigy Apaty

Hepdäniň Syny

1947982
Asyryň Tebigy Apaty

Gynansagam Türkiýäniň günorta-gündogar sebitinde, Kahramanmaraş welaýatynyň Pazarjyk we Elbistan etraplarynda yzly-yzyna bolan 7,7 we 7,6 bal ululgyndaky ýer titremeleri bütin sebitde agyr weýrançylyklara sebäp boldy. Tebigy apatlary we adatdan daşary ýagdaýlary dolandyryş edarasynyň (AFAD) görkezijilerine görä pida bolanlaryň sany 35 müňden geçen bolsa, ýaralananlaryň sany 100 müň adamdan geçdi. Ýer titremeleri Türkiýe bilen bilelikde Siriýanyň demirgazyk-günbatar sebitinde-de agyr ýitgi çekilmegine sebäp boldy. Idlib, Afrin, Halap ýaly sebitlerde 10 müňden gowrak adam aradan çykdy.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýe 6-njy fewralda gynansagam iňňän agyr tebigy apata sezewar boldy. Seismologlaryň asyryň tebigy apaty atlandyrýan ýer titremeleri başdan geçirildi. Türkiýäniň günorta-gündogar sebitinde ýerleşýän Kahramanmaraş welaýatynyň Pazarjyk we Elbistan etraplarynda 8 sagat aralyk bilen rihter ölçegine görä 7,7 we 7,7 bal ululugyndaky ýer titremeleri on welaýatynda agyr weýrançylyklara sebäp boldy. Ýer titremeleriň yzly-yzyna bolmagy, ýeriň ýüzüne 7 kilometr ýakynlykda emele gelmegi we 90 sekunda golaý dowam etmegi ýitgini hasam agyrlaşdyrdy. Kahramanmaraşyň ýany bilen esasanda Hataý, Gaziantep, Malatýa we Adyýaman welaýatynda-da iňňän agyr weýrançylyklar boldy. Siriýanyň İdlib we Halap welaýatlarynda-da agyr weýrançylyklar boldy. Germaniýanyň territoriýasyna barabar giňişligiň ýer titremesinden gönüden zyýan çekendigi görülýär. AFAD görkezijilerine görä pida bolanlaryň sany 35 müňden geçen bolsa, ýaralananlaryň sany 100 müň adamdan geçdi. Siriýada bolsa pida bolanlaryň sany 10 müňe golaýlaýar. Türkiýede ýer titremelerinden zyýan çeken sebitlerde jemgyýetçilik guramalarynyň we halkara gözleg-halas ediş toparlarynyň gullukçylaryndan ybarat 35,249 gözleg-halas ediş gullukçysyny iş alyp barýan bolsa, Türkiýäniň dünýä eden kömek çagyryşyndan soň 60-dan gowrak ýurtdan gelen 9,456 gözleg-halas ediş gullukçysy hem işe girişdi. Ýer titremesiniň bolan sebitinde iş alyp barýan döwlet gullukçylarynyň sany 250 müňden geçdi. Türkiýe ýer titremäniň ilkinji sagatlaryndan başlap ähli guramalary bilen gyssagly herekete geçip, degişli sebitlere kömek ugratmak üçin tagalla etdi. Esasanda gözleg-halas ediş operasiýasy bilen raýatlary harabalygyň aşagyndan halas etmäge çalyşyldy. Emma ýykylan 50 müňe barabar binanyň ählisine gynansagam wagtynda gözleg-halas edişini geçirmek mümkin bolmady. Ýykylan binalarda gözleg we halas ediş işleri dowam edýärkä bir tarapdan hem ýaşaýyş üpjünçiligi ýola goýulmaga çalşylýar. Howa şertleri sowuk bolan sebitde gysga möhletde çadyr we konteýner şäherler gurulýar. Elbetde, birnäçe aý soň ýykylan şäherler gaýtadan, ýer titremä çydamly görnüşde gurulmaga başlanar. Prezident Erdogan ýer titremelerinde ejir çekenlere bir ýylyň dowamynda täze öýleriň guruljakdygyna söz berdi. Türk halky öz arasynda uly arkalaşyk edýär. Onlarja müň meýletin ýerlerde kömek üçin işleýär. Ähli welaýatlarda kömek kampaniýalary guralýar, jemgyýetçilik guramalary işjeň tagalla edýär.

Bu ýerde elbetde halkara jemgyýetçiligi hem möhüm pozisiýa eýeleýär. Bu ýaşaýyş jaýlarynyň we infrastrukturanyň gaýtadan gurulmagy üçin Türkiýä goldaw berilmeli. Türkiýe häzirki wagta çenli dünýäniň ähli sebitlerinde kömege zerurlyk duýýan ýurtlara el uzadyp, uly arkalaşyk eden ýurtlardan biri. Şol tagallalarynyň netijelerini hem görmäge başlady. Türkiýä bütin dünýäden kömekler gelýär. Emma esasanda gaýtadan dikeldiş tapgyrynda has uly goldaw gerek bolar.



Degişli Habarlar