Prezident Erdoganyň Azerbaýjana Sapary

Ýewraziýa Syn

1898861
Prezident Erdoganyň Azerbaýjana Sapary
Erdogan-Azerbaycan-3
Erdogan-Azerbaycan-6
Erdogan-Azerbaycan-5
Erdogan-Azerbaycan-1
Erdogan-Zengilan-7
Erdogan-Cebrail
Erdogan-Park-2

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky Prezident R.T.Erdoganyň Azerbaýjana sapary hakynda durup geçmek isleýäris.

2022-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdogan Ilham Aliýewiň çakylygyna laýyklykda Azerbaýjana bir günlük resmi sapar gurady. Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew türk kärdeşini Jebrail şäherinde resmi dabara bilen garşylady. Resmi dabaradan soň prezidentler ikiçäk duşuşyk geçirdiler. Duşuşykdan soň Prezident Aliýew we Erdogan bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Soň iki ýurduň prezidentleri käbir açylyş dabaralaryna gatnaşdylar. Prezidentler Zengilanyň halkara howa menzilini açdylar. Sagatda 200 ýolagça hyzmat bermäge ukyply howa menzili Garabagy halkara ulag geçiş ugrunyň merkezine öwrüjek möhüm taslamalardan biridir. Türk firmalary tarapyndan gurlan howa menzilniň gurluşygy 1,5 ýyl dowam etdi. Sebitdäki üçünji howa menziliniň Laçinde guruljakdygy beýan edildi.

Ilham Aliýew we R.T.Erdogan Zengilan etrabynda “Dost agropark Zengilan” ýokary amatlykly ekerançylyk obasy taslamasynyň birinji tapgyryny hem açdylar. Ol ýerde “Made in Karabag” ýarlygy bilen ekerançylyk we maldarçylyk önümleri öndürilmäge başlandy.

Prezident Aliýew we Erdogan Goradiz-Agbend demir ýol ugrundaky Kumlag otly bekediniň gurluşygyna badalga berdiler. Demir ýolunyň gurluşygynyň 2023-nji ýylyň ahyrynda tamamlanmagyna garaşylýar.

Prezidentler Jebrail etrabynda Azerbaýjan-Türkiýe Halkara tokaý tälim merkeziniň, Ýokary amatlykly nahal ýetişdirme we Dostluk tokaý kompleksiniň düýbüni tutuş dabarasyna gatnaşdylar. Günüň ahyrynda Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew Erdogany howa menzilinde ugratdy.

Prezident R.T.Eroganyň Azerbaýjana guran sapary iki ýurduň prezidentleriniň gatnaşan açylyş we täze gurluşyklara badalga beriş dabaralary, Halkara Zengezur geçgelesiniň açylmagyna görülýän taýýarlyklar hökmünde kabul edilýär. Halkara Zengezur geçelgesi açylandan soň Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gara ýolunyň uzynlygy 400 kilometr gysgalar we Nahiçewan Awtanomiýasy Azerbaýjana gysga ýoldan biriger.

Sebite goýulan şeýle uly maýa goýumlary halas edilen etraplaryň gysga möhletde galkynmagyny üpjün eder. Maýa goýum we dikeldiş işleri azerbaýjanlylaryň Garabaga dolanyp baryş möhletini gysgaldar.

Soňky döwürde oppozisiýanyň basyşlaryna garamazdan Ermenistanyň hökümetiniň hem Azerbaýjan we Türkiýe bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak, ýaraşyk şertnamasyna gol goýmak we Azerbaýjan-Ermenistan serhedini kesgitlemek boýunça islegli çemeleşýändigi görülýär. Ermenistana howandarlyk edýän Russiýa hem Günorta Kawkazda parahatçylygyň we durnuklylygyň höküm sürmegini islese gerek! Azerbaýjan serhedinde yzly-yzyna harby türgenleşikler geçirýän Eýran Yslam Respublikasy bolsa täze ulag geçelgesinden peýdalanyp biler. İkitaraply bähbitlilik ýörelgesine esaslanýan hyzmatdaşlyk Günorta Kawkazy halkara ulag geçelgesiniň merkezine öwürer.

Russiýa-Günbatar söweşinden soň Halkara Zengezur geçelgesiniň açylmagynyň ähmiýeti iki esse artdy. Adybir geçelgäniň açylmagy hem gündogar-günbatar hem-de günorta-demirgazyk ugry boýunça gatnawda täze şertler döredýär. Guruljak gara we demir ýollary bar bolan alyslygy uly göwrümde gysgaldar. Azerbaýjan we Türkiýe tarapyndan teklip edilen “3+3” modelini iş ýüzüne geçirmegiň wagty geldi.



Degişli Habarlar