Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Wengriýa guran sapary

Ýewraziýa syn

1892885
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Wengriýa guran sapary

Ýewraziýa syn atly gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Wengriýa guran sapary hakynda maglumat bermekçi.

Özbegistanyň Prezident Şawkat Mirziýoýew 2022-nji ýylyň oktýabr aýynyň 3-4-i aralygynda Wengriýada saparda boldy. Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban hem 2021-nji ýylyň mart aýynyň 29-31-i aralygynda Özbegistanda resmi saparda bolupdy. Ady agzalýan saparda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk derejesine göterlipdi.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 4-nji oktýabrda paýtagt Budapeştde Wengriýanyň Prezidenti Kataline Nowak tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy. Wengriýanyň we Özbegistanyň liderleri garşylama dabarasyndan soň özara duşuşyk geçirdi. Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew wenger kärdeşini Özbegistana çagyrdy.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew şol gün Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen iki çäk duşuşyk geçirdi. Şawkat Mirziýoýew bilen Wiktor Orban duşuşykdan soň toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi. Gepleşiklerde iki ýurduň arasynda 15 şertnama baglaşyldy. Wengriýada Özbegistanyň ilçihanasynyň açylmagy meselesinde taraplaryň arasynda ylalaşyk gazanyldy.

Şawkat Mirziýoýew saparynyň çäginde Wengriýanyň tanymal işewür adamlary we bankçylyk pudagynyň wekilleri bilen duşuşdy. Özbegistanyň wekiliýeti duşuşykda wenger maýadarlar üçin aýry erkin ykdysadyýet zolagyny döretmäge taýardyklaryny mälim etdi.

3-nji oktýabrda Budapeştde iki ýurduň degişli ministrleriniň gatnaşmagynda Wenger-Özbek işewürler maslahaty geçirildi. Maslahatyň çäginde 1 milliard dollarlyk hyzmatdaşlyk şertnamasynyň baglaşylandygy habar berildi. Wengriýa bilen Özbegistan özara söwda mukdaryny 500 million dollara ýetirmegi maskat edinýär. Geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky söwda mukdary 114 million dollara barabar bolupdy.

Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri Piter Siýarto 2022-nji ýylyň 4-nji maýynda Özbegistanda saparda bolupdy. Siýarto saparynyň çäginde Özbegistanyň Wise-premýeri, maýa goýum we söwda ministri Serdar Umurzakow we Özbegistanyň Daşary işler ministriniň wekili Wladimir Norow bilen duşuşypdy. Wengiýa, Özbegistan bilen birlikde umuman alnanda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen yzygiderli ýagdaýda hökümetara komissiýanyň maslahatlaryny geçirýär. Bu hem Wengriýanyň sebitde ýerleşýän ýurtlar bilen edýän gatnaşyklarynyň durnukly ýagdaýda ösmegine itergi berýär.

Şawkat Mirziýoýewiň Budapeşte guran saparynyň çäginde “Stipendium Hungarijum” meýilnamasynň çäginde stipendiýa alýan Wengriýada ýokary bilim alýan özbek talyplarnyň sany 170-e çykaryldy. Saparyň çäginde şeýle hem ylym-bilim ugurlary boýunça Wenger-Özbek gatnaşyklaryny pugtalandyrjak şertnamalara gol çekişildi.

Wengiýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban 2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Samarkand şäherinde geçiriljek Türk Döwletleri guramasynyň liderler maslahatyna gatnaşjakdygyny mälim etdi. Wengriýa, Türk Döwletleri guramasynyň durmuşa geçirýän işlerine işjeň gatnaşýar. Özlerini Gypçak türkleriniň agtyklary hökmünde görýän Wengriýanyn gurama doly agza bolamgy Türk Döwletleri guramasynyň güýjüne güýç goşar.

Edilýän tagallalar netijesinde Özbegistan bilen Wengriýanyň arasynda ylym, tehnalogiýa, bilim, oba hojalyk, söwda we ykdysadyýet ýaly ugurlarda edilýän gatnaşyklar gün saýyn pugtalanýar. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Wengriýa guran resmi sapary hem özara hyzmatdaşlygyň has-da pugtalanmagyna iteri berer.



Degişli Habarlar