Türkiýäniň Azyk Diplomatiýasy

Hepdäniň Syny

1854282
Türkiýäniň Azyk Diplomatiýasy

Russiýanyň Ukraina hüjümi dowam edýän bolsa, söweşiň ýüze çykaran ençeme möhüm geo-syýasy netijesiniň ýany bilen, şol bir wagtda-da global azyk howpsuzlygy wehimine öwrüldi. Dünýäniň galla we tohumlar taýdan esasy öndürijilerinden biri bolan Russiýanyň we Ukrainanyň söweş hem-de sanksiýalar sebäpli bazarlara ýeterlik haryt ugradyp bilmezligi, azyk önümleriniň nyrhlarynyň gysga möhletde artmagyna sebäp bolan bolsa, esasanda ösen we ösüp barýan ýurtlar taýdan uly azyk meselesi ýüze çykdy. Türkiýe bolsa global azyk çökgünliginiň öňüni almak ugrunda depginli diplomatiýa alyp barýar. Gara deňizde howpsuz geçelge açyp, sebitde portlarda garaşýan gallanyň dünýä bazarlaryna ýetirilmegini üpjün etmäge çalyşýar.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli ýüze çykan global azyk ýetmezçiliginiň ortadan aýrylmagy üçin Türkiýe ýokary depginli diplomatiýa alyp barýar. Russiýa-Ukraina söweşiniň başlan gününden bäri parahatçylyk urgunda diplomatiýa alyp barýan TRürkiýe, söweş sebäpli ýüze çykan global azyk üpjünçiligi meselesini çözmek üçin işe girişdi. Türkiýe Ukrainadaky gallanyň howpsuz ýagdaýda global bazarlara ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen mehanizm döretmegiň ugrunda. Prezident Erdogan kärdeşi Putin bilen birnäçe gezek telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, meseläni ara alyp maslahatlaşan bolsa, türk we rus wekiliýetleri hem gepleşiklerini dowam etdirýärler. Türkiýe esasanda Odessa portunyň etrabyndaky minalaryň saplanmagy we howpsuz geçelgäniň açylmagy üçin hem tehniki şertlerinden peýdalanmaga taýýardygyny beýan etdi.

Umuman Ukraina söweşi dowam edýärkä dünýäde-de global azyk howpsuzlygy meselesi başdan geçirilýär. Netijede dünýäniň 26 ýurdy bugdaý importunyň ýarysyna barabaryny Russiýadan we Ukrainadan edýär. Ukraina we Russiýa dünýäniň bugdaý, mekge-jöwen, ýagly tohum we dökün eksportunyň esasy bölegini emele getirýän ekerançylyk güýç merkezine eýe bolan ýurtlar. İki ýurtda 34,1 göterim bugdaý, 26,8 göterim arpa, 23,9 göterim günebakar we 17,4 göterim mekge-jöwen ýaly ençeme galla we ýagly tohum üçin ilkinji bäş global eksportçynyň hatarynda durýar.

Ukraina şol bir wagtda global bazaryň 49,6 göterimini üpjün edýän esasy günebakar ýagy öndürijisi. Russiýa bilen bilelikde şol mukdar 72,7 göterime barabar bolýar.

Ençeme eksportçy ýurt Ukrainadan we Russiýadan gelýän şol harytlara garaşly. Demirgazyk Afrika we Ýakyn Gündogar galla isleginiň 50 göterimden gowragyny, bugdaýyň we arpanyň esasy bölegini Ukrainada we Russiýadan import edýär. Ukraina, ÝB we Hytaýyň ýany bilen Müsür hem-de Liwiýa ýaly Demirgazyk Afrika bazary üçin esasy öndüriji. Emma häzirki wagtda uly haryt ýetmezçiligini başdan geçirilýän bolsa, azyk önümleriniň nyrhlary hem artdy.

Ukrainanyň esasy deňiz portlary Odessada ýerleşýän hem bolsa, söweşiň dowam etmegi we deňizdäki minalar sebäpli portlar ýapyk. Russiýa tarapyndan hüjüm edilen Ukrainanyň Gara deňizinde möhüm ähmiýete eýe bolan Odessadaky portlarda millionlarça tonna galla eksport üçin garaşýar.

Türkiýe Russiýa we Ukina bilen ylalaşyp, şol portlardaky gallanyň dünýä bazarlaryna ýetirilmegini üpjün etmek, täze galla hasylynyň hem howpsuz geçelgelerden eksport edilmegini ýola goýmak isleýär. Emma häzirki wagta çenli netije alynmady. Ruslar esasanda şeýle ylalaşyk üçin özüne goýulan sanksiýalaryň aýrylmagyny isleýär. Şol çemeleşmäniň bolsa hakykata bap gelmeýändigi hemmelere mälim.



Degişli Habarlar