Siriýa Täze Harby Operasiýa

Hepdäniň Syny

1834007
Siriýa Täze Harby Operasiýa

Prezident R.T.Erdogan halk köpçüligine beren beýanatynda Siriýanyň demirgazygyna täze bir harby operasiýanyň guralyp bilinjekdigini duýdurdy. Erdogan sebitden Türkiýä abanýan howplaryň dowam edýändigini we bütin serhetýakasynda 32 kilometr çuňlukda howpsuz zolagyň döredilmegi üçin terror guramasy PKK/ÝPG-ä garşy täze bir harby operasiýanyň guraljkadygyny aýtdy. Ukraina söweşiniň ýüze çykaran täze geosyýasy deňagramlygy Türkiýäniň terrorizme garşy göreşi taýdan täze şertleri emele getirdi.

SETA-nyň Daşary syýasty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýe Siriýadan abanýan milli howpsuzlygyna wehim salýan terror howpuna garşy birnäçe harby operasiýalary gurady. Birinjisini 2016-njy ýylda “Ýefrat Galkany” operasiýasy bilen başladyp, terror guramalary DAEŞ-i we PKK-ny şol bir wagtda nyşana alan bolsa, soň Afrine “Zeýtun Şahajygy” operasiýasyny we soňky gezek Ýefradyň gündogarynda Tel Abýada we Rasulaýna “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasyny gurady. Bu operasiýalar bilen terror guramasy PKK/ÝPG-niň Ortaýer deňizine çykma we terror döwletjigini gurma tagallalary puja çykarylan hem bolsa, gurama henizem Siriýadaky güýjüni dowam etdirýär. Esasanda Ýefrat derýasynyň günbatarynda Tel Ryfatda we Manbijde Russiýanyň we Siriýanyň hökümetiniň hemaýaty astynda hereket edýän bolsa, “Ýefradyň gündogarynda bolsa esasan ABŞ-nyň hemaýatynda. Esasanda Ýefradyň günbatarynda PKK/ÝPG-niň Demirgazyk we Gündogar Siriýa Awtanom Dolanşygy” ady bilen defakto awtanom dolanşyk döredip, ABŞ we beýleki günbatar ýurtlarynyň goldaw bermeginde Rakkany we Deýrezzory öz içine alýan syýasy we hukuky taýdan-da ykrar edilen awtanom ulgam döretme tagallasy bar. Emma Türkiýäniň şeýle bassyr-ýussurlyga ýol berme niýeti ýok. Prezident Erdogan halk köpçüligine beren soňky beýannamasynda Siriýanyň demirgazygyna harby operasiýanyň guralma ähtimallygynyň bardygyny duýdurdy. Erdogan sebitden Türkiýä garşy terror howpunyň dowam edýändigini we bütin serhetýakasynda 32 kilometr çuňlukda howpsuz zolagyň döredilmegi üçin terror guramasy PKK/ÝPG-ä garşy täze bir harby operasiýanyň guraljakdygyny aýtdy. Ukraina söweşiniň ýüze çykaran täze geosyýasy deňagramlygy Türkiýäniň terrorizme garşy göreşi taýdan täze şertleri emele getirdi.

Esasanda Russiýanyň goşunlaryny çäkli mukdarda hem bolsa yza çekmäge başlamagy, ABŞ-nyň Ukraina söweşine gönükmegi Türkiýäniň hereket meýdanyny giňeldýär. Degişli logistiki taýýarlyklaryň görülmeginden soň Türk ýaragly güýçleri tarapyndan tälim berilen Siriýanyň milli goşuny bilen bilelikde adybir etraplara giň gerimli harby oprasiýanyň guralmagy üçin indi buýrugyň berilmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar