Russiýa-Ukraina Söweşiniň Siriýa Täsirleri

Hepdäniň Syny

1809266
Russiýa-Ukraina Söweşiniň Siriýa Täsirleri

Russiýanyň Ukrainany basyp almaga başlamagyndan soň, Ukrainanyň görkezen garşylygy we şuňa baglyklykda rus goşunlarynyň çeken ýitgileri Russiýanyň harby hereketleriniň jedelleşilmäge başlanmagyna sebäp boldy. Şonuň ýany bilen Russiýanyň hüjümlerine garşy günbataryň sanksiýalarynyň barha agyrlaşmagy Russiýa iňňän çäkli manýowr giňişligine sezewar etdi. Şeýle hem günbataryň Russiýany çäklendirmekde sanksiýalaryň we Ukraina berýän harby kömeginden aňyry geçip geçmejekdigi hem seljerilýär.

SETA-nyň Howpsuzlyk barlaglary bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

ABŞ-nyň başda durmagynda günbatar ýurtlarynyň Russiýa bilen basynjy belli bir derejede saklama tagallasy bar hem bolsa, Russiýa bilen göreşiniň başga giňişliklere täsiriniň bolup biljekdigi çaklanylýar. Şol ugurlaryň biriniň hem Siriýa boljakdygy göz öňünde tutulýar. Siriýanyň oppozisiýasy Ukraina-Russiýa söweşini Russiýany tankyt etmek we Siriýada günbatar ýurtlaryny pozisiýa eýelemäge gönükdirmek üçin peýdalanýan hem bolsa, henize çenli günbatarlylaryň Siriýa meselesinde çynlakaý çemeleşmesiniň ýokdugy görülýär. Muňa garamazdan Ukraina-Russiýa söweşiniň Siriýa täsirini analiz etmek ýerlikli bolsa gerek!

Söweşiň harby täsirlerine garalanda rus goşunlarynyň Ukrainada uly ýitgi çekendigi görülýär. Ukraianyň beýan etmegine görä 18 müňe barabar rus esgeri täsirsiz ýagdaýa getirildi. Rus mediasynda berilen, emma soň aýrylan habarlardan birinde bolsa 9,861 rus esgeriniň ölendigi, 15,153 rus esgeriniň bolsa ýaralanandygy beýan edildi. Bu sanlar ABŞ-nyň ençeme ýyl dowam eden Yrak we Owganystan hüjümleri göz öňünde tutulanda iňňän ýokary. Bular bilen birlikde Russiýanyň howa ulaglaryndan gury ýer ulaglaryna müňlerçe harby enjamyny ýitirendigi görülýär. Şol sebäpli Russiýanyň goranyş senagatynyň eksport taýdan zyýan çekişi ýaly Siriýada hökümete berýän harby kömegi hem bökdeler.

“TB-2 Baýraktar” ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň başda durmagynda türk goranyş senagatynyň önümleriniň söweş meýdanyndaky üstünlikleri Türkiýe Respublikasyny Siriýada konwensional taýdan güýçlendirýär. Şeýlelikde 2020-nji ýyldaky “Bahar Galkany” operasiýasynda-da bir hepdäniň dowamynda Türkiýäniň Siriýanyň güýçlerine uran zarbasy iňňän agyr bolupdy. Şu nukdaý nazardan hereket edip, Türkiýäniň “TB-2 Baýraktarlarynyň” ýany bilen “TB-3”, “AKYNJY A we B”, howa goranyş ulgamlaryndan “HİSAR A+” bilen “HİSAR O+-nyň” ýakyn gelejekde inwentarynyň esasy bölegine öwrülmegi, ýurduň konwensional söweşde öňe saýlanmagyny üpjün eder.

Russiýanyň Siriýadaky Wagner güýçlerini Ukraina çekendigi hakynda myş-myşlar bar hem bolsa, hökümetiň tarapynda durýan söweşijileri Ukraina getirendigini görkezýän delil ýok. Asadyň tarapynda durýan söweşijileriň Russiýa tarapyndan Ukraina getirilmegi diňe bir Russiýa üçin däl, eýsem Siriýa üçin agyr netijeleri ýüze çykarsa gerek! Günbatar Asad bilen harby göreşi bir gyra goýsa-da, hökümetiň we onuň iş başynda galmagynyň günbatara wehim saljak çäge ýetmegi şertleri tersine öwürer.

Jemäp aýdanymyzda Ukraina söweşiniň Siriýa ýetirjek täsirleriniň özeninde psihiki üstünligiň Türkiýe Respublikasyna geçendigini aýtmak nädogry bolmaz. Beýleki tarapdan konwensional harby tehnologiýada-da Türkiýäniň ösendigi we geografik özbolyşlyklarynyň hem bähbide öwrülendigini aýdyp bileris. Bularyň ählisi göz önünde tutulanda Türkiýäniň Russiýa bilen gepleşik güýjüniň artandygy ikiuçsyzdyr.



Degişli Habarlar