Ukraina Çykgynsyzlgy Çuňlaşýar

Aktual Analiz

1770235
Ukraina Çykgynsyzlgy Çuňlaşýar

Ukraina meselesi günsaýyn çuňlaşýar. Soňky gezek ABŞ bilen Russiýanyň arasynda geçirilen gepleşikler garaşylan netijäni bermedi. Russiýanyň howpsuzlyk kepillikleri hakyndaky talabyna ABŞ-nyň nähili jogap berendigi heniz doly bilinmeýär. Resmi Waşington Moskwadan esasanda hatyň mazmununyň halkara jemgýetçiligine ýetirilmezligini isledi. Şonuň özem ortada gizlin söwdalaşmanyň bardygyny görkezýär. Beýleki tarapdan Russiýanyň Ukrainanyň golaýynda dowam edýän harby güýç geýtirme işi ýokary depginde dowam edýär. gepleşikler netijesiz gutarsa, Russiýanyň harby başlangyç etmegine garaşylýar. Emma onuň göwrüminiň nähili boljakdygy näbelli bolmagynda galýar.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwerniş bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Ukraina meselesiniň ençeme dinamikasy bar. Şol dinamikalardan belkem iň esasysy meseläniň Ukraina bilen çäkli bolmandygy. Hem Russiýa hem-de günbatar meseläni täze geosyýasy hasaplaşma hökmünde kabul edýär. Sowuk uruşdan soň Russiýa Federasiýasynyň ejizligini pursat hökmünde görüp, “açyk gapylar” syýasatynyň çaginde Russiýa tarap giňelen NATO jogap hökmünde Russiýa günbataryň ejizligini görüp, täze göçüm edýär. Şol göçüm esasan Russiýanyň “ýakyn töwerek” atlandyrýan sebitinden NATO-nyň çetleşdirilmegi üçin edilýär. Ol Russiýanyň howpsuzlygy üçin iňňän möhüm. Günbatar üçin bolsa mesele Ýewropanyň howpsuzlygyna garşy edilen başlangyç. Resmi Moskwanyň howpsuzlyk kepillikleri NATO-nyň agza ýurtlar bilen birlikde Russiýanyň ýakyn sebitinden yza çekilmegini talap edýär. Şol talabyň kabul edilmegi diýmek Ýewropanyň howpsuzlyk binagärliginiň gaýtadan dikeldilmegini aňladýar.

Beýleki tarapdan günbatarda doly ylalaşyk gazanylmady. Esasanda Germaniýanyň syýasaty ünsleri çekýär. Resmi Berlin Ukraina ýarag kömeginiň berilmegine garşy durtar we Russiýa boýunça “köşeşdiriji” syýast alyp barylmagyny isleýär. Esasanda tebigy gaz meselesinde Russiýa garaşly bolan Germaniýa, Russiýa garşy NATO-nyň we ÝB-niň berk pozisiýa eýelemegini hem goldaýana meňzemeýär. Fransiýa bolsa tapawutly pozisiýa eýeleýär. ABŞ Hytaýa üns berýändigi üçin Russiýa howpuna sowuk sala çemeleşän  ýaly.

Meseläniň çuňlaşmagy we urşa öwrülmezligi üçin tagalla edýän Türkiýe bolsa Ukraina bilen Russiýanyň arasynda töwellaçy bolmagy teklip etdi. Prezident Erdogan 3-nji fewralda Ukraina sapar guramagy meýilleşdiýär. Şol saparyň esasy maksady Moskwa bilen Kiýewiň arasynda meseläniň çözülmegini ýeňilleşdiriji şert döretmekden ybarat. Emma Türkiýäniň esasy pozisiýasy henizem günbatar bilen bilelikde ugrukýar. NATO-nyň tapawutlylykda Türkiýäniň Russiýa bilen gepleşik geçirmegi mümkin däl. Eýsem Gara deňize sebiti Türkiýäniň howpsuzlygy we durnuklylygy üçin iňňän möhüm. Russiýany çozuş etme ähtimallygy Türkiýäni biynjalyk eder we Türk-rus gatnaşyklaryna zyýan ýetirer. Şol sebäpli Ankaranyň üçünji bir ýol tapyp, tapmajakdygy Putiniň Prezident Erdoganyň çakylygyna berjek jogagyna bagly.

 


Etiketkalar: #Russiýa , #dartgynlyk , #Ukraina

Degişli Habarlar