15-nji Iýul: Türkiýe Ýol Bermez

5 ýyl ozal şu gün, 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda Türkiýe hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygyny başdan geçirdi.

1675408
15-nji Iýul: Türkiýe Ýol Bermez

Şu gün 2021-nji ýylyň 15-nji iýuly. 5 ýyl ozal şu gün, 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda Türkiýe hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygyny başdan geçirdi.

FETÖ atly terror guramasy Türk ýaragly güýçleriniň düzümine siňen ýaranlaryndan peýdalanyp, döwletimize we döwletimiziň gymmatlyklaryna garşy hyýanatçylykly hüjüm synanşygyny gurady. Prezidentiň kompleksi, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisi bombalandy. Türkiýäniň radio-telewideniýe guramasy bilen birlikde ençeme döwlet edarasy dönükler tarapyndan alynmaga synanşyldy. Ankarada we Stambulda harby uçarlar bilen gök asmandan, tanklar bilen köçelerde hemle atyldy.

Halkymyz muňa ünssiz çemeleşmedi. Elbetde müňlerçe raýatymyz prezidentiniň çagyryş etmegi bilen agdarlyşyk synanşygynyň öňüni almak üçin şäherleriň meýdanlarynda köçelere çykdylar. Tanklaryň öňünde durdular, dik uçarlara gaýtawul görkezdiler. Deňi-taýy bolmadyk garşylyk bilen watanyna, döwletine we demokratiýa eýe çykdy. Halkyň ygrarly tutumy bilen döwletimiz agdarlyşyk synanşygynyň öňüni almagyň hötdesinden geldi. Şol ugurda 251 raýat şehit boldy, ýüzlerçe raýat gahryman boldy. 15-nji iýul güni demokratiýa ýeňişiniň simwoluna öwrüldi. Şehitlerimizi we gahrymanlarymyzy hormat bilen hatyralaýarys.



Degişli Habarlar