ABŞ-Eýran Bäsleşigi

Hepdäniň syny

1673242
ABŞ-Eýran Bäsleşigi

ABŞ-daky saýlawdan soň Baýdeniň häkimiýet başyna geçmegi bilen has oňyn dowam etmegine garaşylan ABŞ-Eýran gatnaşyklary, ýadro gepleşiklerinde düşünişmezlikleriň ýüze çykmagy sebäpli Yrak-Siriýa liniýasynda çaknyşyga öwrülmäge başlady. Eýran özüne wekilçilik edýän güýçleriň üsti bilen ABŞ-nyň harby bazalaryny nyşana alýan bolsa, ABŞ gönüden Eýrana tabynlykdaky güýçleri bombalaýar. Iki ýurduň arasyndaky pes depginli çaknyşyklaryň Siriýany hem öz içine çekip, dartgynlaşma ähtimallygy bar.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Trampyň döwründe ABŞ-nyň Eýran syýasaty günsaýyn agyrlaşan bolsa, netijede Eýrana garşy “maksimum basyş” hökmünde beýan edilen hereket görnüşine öwrüldi. ABŞ ýadro ylalaşygyndan çekilip, Eýrana ykdysady sanksiýalara we embargolara başlan bolsa, onuň nebit eksport etmegine hem ýol berilmedi. Yrak-Siriýa-Ýemen liniýasynda Eýrana garşy durýan güýçler goldanyp, Ysraýyl we Pars aýlagynda ýerleşýän ýurtlar bilen döredilen ýaranlyk arkaly Eýrana edilýän basyş barha güýçlendi. Iýerusalim güýjüniň serkerdesi Kasym Süleýmaniniň öldürilmegi we Eýranyň harby garşylyklary bilen iki ýurt gönüden söweşiň bosagasyna bardy.

Emma Baýdeniň ABŞ-nyň prezidentligine saýlanmagy bilen birlikde Eýrana garşy ýaranlyk dargady we ABŞ-nyň Eýran syýasaty hem ýumşamaga başlady. Baýden Eýran bilen ýadro gepleşikleri ýaňadandan başlatdy we iki döwletiň arasynda göräýmäge oňyn atmosfera emele geldi. ABŞ-nyň Ýemendäki söweşe berýän goldawyny bes etmegi hem oňa goşant goşdy.

Emma taraplaryň egilşiksiz pozisiýasy sebäpli ýadro gepleşikleri çykgynsyzlaşmagyndan soň iki ýurduň arasyndaky dartgynlyk möwjemäge başlady. Ysraýylyň we Aýlagyň ABŞ-daky lobbiçilik işleriniň hem bu şertleriň ýüze çykmagyna sebäp bolandygy ähtimal. Netijede, esasan-da Yrakda taraplar güýçli çekeleşige girişen bolsa, Eýranyň täsiri astynda hereket edýän şaýy söweşiji toparlar (Haşdi Şabi) ABŞ-nyň harby bazalaryny we logistiki ulag kerwenlerini bombalamaga başlady. ABŞ-nyň Erbil harby howa bazasy, Aýnal Asad harby bazasy ýaly ýerler ýygy-ýygydan raketaly we bombaly dronlar tarapyndan nyşana alynmaga başlandy. ABŞ-nyň sebitdäki harby güýji bolsa howa bombardymanlary bilen şaýy söweşijilere gaýtawul görkezmegiň ýollaryny gözleýär. Iki ýurt we olara wekilçilik edýän güýçleriň arasynda dowam edýän pes depginli çaknyşyk, garaşylşy ýaly Siriýada-da başlady. Eýranly söweşijiler Daýrez Zoryň gündogaryndaky Al Omar nebit guýusynyň ýerleşýän zolagyndaky Amerikan bazasyna uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm gurady. ABŞ bolsa şaýy söweşijileriň Albu Kamal etrabyndaky ştab kwratirasyny bombalady.

Indi esasy sorag, taraplaryň ikitaraply häsýetde çaknyşyklaryň güýçlenmegini isläp, islemejekdigi. Iki tarap hem ýadro gepleşiklerinde pozisiýasyny güýçlendirmek üçin tagalla edýän bolsa, söweş meýdanyndaky harby güýçlerinden hem peýdalanmakdan gaça durmaýarlar. Onuň jerimesini bolsa Yrak we Siriýa çekýär. ABŞ-daky Ýakyn Gündogardan harby taýdan tapgyrlaýyn häsýetde çekilýän döwri Eýran üçin pursat saýylyp bilner. Emma Ysraýyl we Aýlag sebitinde ýerleşýän ýurtlaryň deňagramlaşdyryjy pozisiýasy ünsden düşürilmeli däl.


Etiketkalar: #sanksiýa , #dartgynlyk , #Eýran , #ABŞ

Degişli Habarlar