“Baýraktar TB2” (ÝUHU) Satuwy Hakynda Gol Çekişilen Şertnama

Hepdäniň syny

1652342
“Baýraktar TB2” (ÝUHU) Satuwy Hakynda Gol Çekişilen Şertnama

Türkiýe bilen Polşanyň arasynda 24 sany “Baýraktar TB2” ýaragly uçarmansyz howa ulagynyň (ÝUHU) satuwy hakynda gol çekişilen şertnama, ünsleri ýaňadandan Türkiýä çekdi. Mundan ozal Katara, Liwiýa, Ukraina we Azerbaýjana satuwy amala aşyrylan “Baýraktar TB2” ýaragly uçarmansyz howa ulagynyň, şol şertnama bilen ilkinji gezek NATO we ÝB-ne agza ýurtlardan birine eksport ediler. Türk uçarmanyz howa ulagy we ýaragly uçarmansyz howa ulagynyň önümlerine bolan halkara gyzyklanmanyň artmagynda we Polşanyň hem şol platformany saýlap almagynyň aňyrsynda käbir sebäpler durýar.

SETA-nyň Howpsuzlyk barlaglary bölüminiň Direktory Prof.Murat Ýeşiltaşyn tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Ilki bilen Türk goranyş senagatynyň önümleriniň hakyky söweş şetlerinde netijeli ulanylmagy we üstünlik gazanmagy halkara bazarda ýokary bäsdeşlik güýji bolan ýarag ulgamlaryna öwrülmegini üpjün etdi. Şol hususda bolsa türk uçarmansyz howa ulagy we ýaragly uçarmansyz howa ulagy platformalary başda durýar. Siriýa, Liwiýa we soňky gezek Garabag ýaly dürli çaknyşyk şertlerinde “Baýraktar TB2” ulgamlarynyň gazanan ýokary üstünligi, halkara ligada ýokary göretilmegini üpjün etdi. Ýokary ukyplara eýe bolandygy pikir edilýän rus howa goranyş ulgamlarynyň “Baýraktar TB2-den” asgyn bolmagy, ýaragly güýçler doktrinalary taýdan hem täze diskussiýalaryň ýüze çykmagyna sebäp boldy.

Türk çarmansyz howa ulagy we ýaragly uçarmansyz howa ulagyn platformalarynyň tejribesi, şol platformalaryň diňe bir barlag, gözegçilik we maglumat ýygnaýyş işlerinde däl, şol bir wagtda-da howa-raketa goranyş ulgamlarynyň öňüniň alynmagy ýa-da duşmanyň sowutly güýçleriniň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi taýdan hem üstünlikli boljakdygyny görkezdi.

Türk goranyş senagatynyň önümlerini halkara goranyş bazarlarynda bäsleşik etjek derejä göteren beýleki bir husus bolsa, düşýän gymmaty taýdan möhüm çözgütleri hödürlemegi. NATO agza ýurtlaryň arasynda Amerikan önümi bolan uçarmansyz howa ulagy we ýaragly uçarmansyz howa ulagy ulgamlarynyň uly hökmürowanlygy bar hem bolsa, şol platformalaryn ABŞ-nyň özi üçin hem gymmat düşýändigini bilinýär.

Beýleki tarapdan Amerikan kanunlaryna görä şeýle platformalaryň eksporty üçin güýçli gözegçiligiň hem-de bökdençlikleriň bolmagy, alyjy ýurtlar üçin kynçylyklar döredýär. Muňa garamazdan türk uçarmansyz howa ulagy we ýaragly uçarmansyz howa ulagy ulgamlary has elýeterli nyrhlardan ýeňillikli alyş mümkinçiliklerini hödürleýär.

Türkiýe bilen Polşanyň arasynda gol çekişilen ylalaşyk diňe bir ýarag satuwyny däl, käbir geosyýasy netijeleri ýüze çykarma potensialyny hem özünde jemleýär. Ilki bilen Polşanyň NATO agza ýurt bolmagy, ylalaşygyň Türkiýe-NATO gatnaşyklaryny güýçlendirmeginiň ýany bilen NATO-nyň düzümindäki hyzmatdaşlyk ruhuny hem berçinleşdirýän täsiýete eýe.

Beýleki tarapdan Polşanyň hem Ukraina ýaly iň uly howp hökmünde Russiýany görmegi bu satuwyň ähmiýetini artdyrýan sebäbe esas döredýär. “Baýraktar TB2” ulgamynyň Ukrainadan soň Polşa satylmagy bolsa Russiýanyň syýasatlaryna konkret garşy göçüm häsýetine eýe. Şol jähtden Russiýa goňşy Türkiýe bilen hyzmatdaş ýurtlaryň sanynyň artdyrylmagy hem-de ukybynyň kämilleşdirilmegi Russiýanyň hereket giňişligini çäklendirse gerek. Nähili bolanda-da Russiýanyň bu meselede Türkiýä garşy tankydy çemeleşmesi bolsa hem, resmi Ankaranyň şol tankydy çemeleşmäni görmediksiremegi hem üns çekilmeli beýleki bir husus.



Degişli Habarlar