KDK-PKK Çaknyşyklary

Hepdäniň syny

1548722
KDK-PKK Çaknyşyklary

 

Türkiýäniň “Penje-Gaplaň” operasiýalary bilen Yragyň demirgazygynda gysylyp galan terror guramasy PKK, soňky hepdelerde Yrak Kürdistan Ýurtsöýerler Bileleşigine degişli güýçler bilen esasanda Kürdistan Demokratik Partiýasyna garşy göreşe girişdi. PKK-nyň sebitdäki terror düşelgeleriniň daşyny gurşap alan kürt harby güýçleri Peşmerge we ýörite güýçler PKK hüjümler guraýan bolsa, Erbil bilen Bagdadyň arasynda PKK-nyň Sinjardan çykarylmagy hakyndaky ylalaşyk gurama üçin agyr zarba boldy. PKK tabynlykdaky HPG güýçleri Yrakda gönüden peşmergä hüjüm edýän bolsa, guramanyň Siriýadaky bölegi ÝPG bolsa serhet zolagynda peşmergäni nyşana aldy. Aýratynam Kürdistan Demokratik Partiýasyna ýakyn durýan ENKS-niň Siriýadaky ofislerine hüjümler guraldy, kabirleri oda berildi.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

YKÝB-ne tabynlykdaky syýasy güýçler birnäçe wagtdan bäri PKK-ny öz sebitinde goldady ýa-da oňa geçirimlilik etdi. DAİŞ-e garşy göreşde peýdalanylan gurama, Siriýanyň demirgazyk gündogarynda eýelän güýçli pozisiýasy bilen öňe saýlanýardy. Kürt kartyndan yzgiderli peýdalanan PKK, ýaýbaňlanan kürt milletçiligi taýdan hem özüni hamala diýersiňiz eldegirilmesiz saýýardy. Türkiýäniň ähli basyşlaryna garamazdan YKÝB, PKK garşy belli şertleri döredip, çäre görmeýärdi. Emma soňky aýlardaky wakalar YKÝB esasanda KDP taýdan PKK artykmaç geçirimlilik edilmegine ýol bermeýändigini görkezýär. Ilkinji nobatda Türkiýäniň serhetaşa “PEnje-Gaplaň” operasiýalary bilen PKK Yrakda günsaýyn agyr zarbalar urmagy we guramanyň serhet zolagynda uly ýitgi çekmegine sebäp boldy. PKK-nyň opersaiýa usulyny üýtgetmegine sebäp boldy. Gurama esasan günorta, KDP-niň güýçli bolan sebitlerine tarap çekilmäge başlady. Aýratynam gurama Türk ýaragly güýçlerinin netijeli operasiýalary sebäpli KDP-ni Türkiýäni goldamakda günäkärlemäge, hemle atmaga başlady.

Sinwarda, Erbil bilen Bagdadyň arsaynda gazanylan ylalaşygy uly strategik howp hökmünde kabul edip, garşy göçümlere girişdi. Retoriki derejede abaý-syýasatyny artdyryp, wagtal-wagtal gönüden Peşmergä hüjümler gurady. Şeýlelikde KDP-niň egilşik etmegine garaşýardy.

PKK-nyň YKÝB-niň ykdysady taýdan kynçylyk çekýän döwründe nebit turba geçirijilerini nyşana almagy, sabyryň gutarmagyna sebäp bolan soňky waka boldy. Prezident Neçirwan Barzani we Premýer-ministri Mesrur Barzani PKK garşy göreşiň depginini güýçlendirmäge, esasan Türkiýe bilen bilelikde hereket etmäge başlady. Guramanyň Yragyň demirgazygyndaky terror düşelgeleri peşmerge tarapyndan gabaw astyna alynmaga başlandy. Wagtal-wagtal terror toparlary nyşana alyndy, Peşmerge-PKK çaknyşyklary ýygjamlaşmaga başlady.

KJK/PKK-nyň dolandyryjylary kürt halk köpçüligine çagyryşlar edip, KDP-ni nyşana aldy, retorik barha agyrlaşdy. Netijede Siriýadaky güýçlerini hem herekete geçirdi. İlki KDP-ä ýakyn bolan ENSK-ä degişli ofisler Hasakada nyşana alyndy, oda berildi. Soň ÝPG gönüden Fişhabur serhet ýakasynda peşmergä hüjümler gurady.

Indi taraplaryň arasynda sözüň doly manysyndaky çaknyşygyň her pursatda başlama ähtimallygy bar. Mesrur Barzani soňky beýannamalarynda diňe bir PKK/KJK-ni däl, eýsem guramanyň Siriýadaky bölegini nyşana alyp, ABŞ-na çagyryş etdi. Kandiliň Siriýadaky pozisiýasynyň ortadan aýrylmalydygyny mälim etdi. YKÝB, PKK howpyna soňunda göz ýetirdi. Türk ýaragly güýçleriniň serhetaşa operasiýalary bilen agyr ýitgi çeken, KDP bilen çaknyşýan, Sinjary elden giderýän gurama üçin Yrakda ýoluň soňy görünýär diýsek ýalňyş bolmasa gerek.



Degişli Habarlar