Yrakly Kürtler Terror Guramasy PKK-a Garşy Söweşýär

Hepdäniň Syny

1523674
Yrakly Kürtler Terror Guramasy PKK-a Garşy Söweşýär

Birnäçe wagtdan bäri Yragyň demirgazygynda iş alyp barýan terror guramasy PKK bilen Yragyň Kürt Awtonomiýasyna tabynlykdaky peşmergeler bilen ýörite desant topary çaknyşmaga başlady. PKK-nyň sebitde alyp barýan syýasatlary bilen birlikde guramaga başlan terrorçylykly hüjümleri Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň durnuklylygyna howp salýar. Türkiýe terror guramasyna garşy harby operasiýalaryny dowam etdirýär.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Sebitdäki haosdan peýdalanyp 1-nji Aýlag urşy ýyllaryndan başlap Demirgazyk Yrakdaky daglyk meýdanlara orşan terror guramasy PKK, şol sebitleri Türkiýede guran terrorçylykly hüjümleri üçin harby merkez hökmünde ulandy. Wagtyň geçmegi bilen gönüden Yragyň Kürt Awtonomiýasy üçin hem alternatiw güýç hökmünde özüni kabul etdirmäge başlady. Peşmerge güýçleri terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşýärkä, PKK pursatdan peýdalanyp ýüzlerçe obanyň gözegçiligini ele geçirdi. Sinjarda DAIŞ-e garşy göreş bahanasy bilen täsirini artdyryp ol ýerde Ýezidilerden ybarat kiçi terror toparlaryny gurdy.

Türkiýe bolsa şol etapda PKK-a garşy göreşini serhetaşa operasiýalary bilen dowam etdirdi. Siriýa bilen birlikde Yrakda hem netijeleri operasiýalar guramaga başlady. “Penje”, “Gaplaň” operasiýalary bilen gurama esasan Türkiýe serhedinde uly zarba urdy.

Terror guramasy gözegçiligi astyndaky birnäçe ýerini ýitirdi. Türk goşunlary terror guramasy PKK-nyň esasy depeleriniň gözegçiligi ele geçirip, şol ýerlere ýerleşdi. Şeýlelikde guramanyň has günorta çekilmegini üpjün etdi.

Terror guramasy PKK Yrakda uly kynçylygy başdan geçirmäge başlady. Yragyň Kürt Awtonomiýasyny Türk goşunlaryna maglumat we kömek bermekde günäkärlemäge başlady. Bu ýagdaý hem terror guramasy bilen Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň dartgynlaşmagyna sebäp boldy. Terror guramasy PKK-nyň sebitde durnuklylygy bozýan terror guramasy hökmünde barlygyny dowam etdirmegi, Erbiliň bähibtlerine hem howp salýardy. Türkiýäniň basyşlary netijesinde Peşmerge we Zerawani ýaly ýörite desant toparlarynyň ornaşdyrylmagyna PKK berk gaýtawul bermäge we hüjümler guramaga başlady. Terror guramasy PKK,  Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň esasy girdeji çeşmesi bolan nebit turba geçirijilerini nyşana almaga başlady.

Ýetilen sepgitde Demirgazyk Yrakda Türkiýäniň tezisleriniň dogrudygy ýeke-ýekeden tassyklanmaga başlandy. Türkiýe PKK-nyň sebitdäki barlygyny diňe Ankara üçin däl, eýsem Erbil üçün hem has howpludygyny nygtaýardy. Erbil indi PKK-nyň hakyky ýüzüni görmäge başlady. Çaknyşyklar Peşmergeleriň türk goşunlary bilen birlikde terror guramasy PKK-a garşy has giň gerimli harby operasiýa guramalydygyny görkezýär.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar