Türkiýäniň Gündogar Ortaýer Deňizindäki Bähbitleri

Hepdäniň Syny

1473860
Türkiýäniň Gündogar Ortaýer Deňizindäki Bähbitleri

 

Türkiýäniň Gündogar Ortaýer Deňizindäki Bähbitleri

 

Soňky hepdelerde Gündogar Ortaýer deňizinde başdan geçirilýän bäsleşik iňňän gyzyşdy. Türkiýäniň Liwiýa bilen gol çekişen ylalaşygy we yzysüre Liwiýada eýelän pozisiýasy bilen başlan bäsleşik, Gresiýa bilen Müsüriň arasynda gol çekişilen ylalaşyk bilen sözüň doly manysynda bäsleşige öwrüldi. Bäsleşik diňe bir Türkiýe bilen Gresiýanyň asrasynda däl. Russiýa, Fransiýa, Italiýa we sebitdäki beýleki ýurtlar hem Ortaýer deňizinde ykdysady, syýasy we harby bäsleşige girişdiler. Türkiýe bolsa ähli şertleri we mümkinçiligi bilen öz hukuklaryny goramaga synanşar. Şol sebäpli Ortaýer deňizi Türkiýäniň daşary we howpsyzlyk syýasatynda merkezi häsýete eýe boldy.

 

SETA-nyň Howpsyzlyk barlaglar bölüminiň Direktory Dosent Dr. Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýäniň strategik pozisiýasynda Ortaýer deňizi üç sany aşakky geosyýasy we geostrategik sebite bölünýär. Birinjisi Gündogar Ortaýer deňizine degişlilikde Lewant zolagyndan emele gelýär we onuň merkezinde Kipr durýar. Taryhy taýdan strategik ýerleşişi sebäpli möhüm bolsa hem Kipriň ähmiýeti geoykdysadyýeti merkezine alan häsýete eýe boldy. Tebigy gaz ätiýaçlarynyň tapylmagy we Türkiýäni sebitden çetleşdirmäge synanşýan täze bir ýaranlyk ulgamynyň geoykdysady esasda döredilmäge synanşylmagy, Siriýa meselesi, Liwan we Palestina meseleleri göz öňünde tutulanda Gündogar Ortaýer deňizinde Türkiýäniň pozisiýasy hasam berkeýär. Ol hem Türkiýäniň ada bilen bagly täze bir goranyş we howpsyzlyk strategiýasyny işläp taýarlamagyny talap edýär.

Türkiýäniň geljekki ýyllarda DKTR-da harby deňiz bazasyny açmagy meýilleşdirmegi, sebitdäki ýaragly we ýaragsyz dron ukybyny güýçlendirmegi onuň ilkinji görkezijileri bolup durýar. Emma ol Türkiýäniň Ortaýer deňizindäki bähbitlerini goramagy üçin ýeterlik däl. Gündogar Ortaýer deňizinde güýç deňagramlygyny goraýan, ýüz öwürdiji ukyby ýokary bolan taýarlyklaryň görülmegi Türkiýäniň diplomatik ukybyny ösdürmegi üçin esasy serişdelerden biri kabul edilýär.

Ikinjisi strategik zolak bolsa Merkezi Ortaýer deňizi zolagyndan emele gelýär we Türkiýäniň Demirgazyk Afrika kenarýaka zolagy boýunça syýasatynda nähili pozisiýa eýelejekdigini kesgitleýär. Liwiýa bilen gazanylan ylalaşyk Türkiýäniň Ortaýer deňizindäki täze şertlere hem uýgunlaşmagy hem-de şol geosyýasatyň talap edýän bäsleşigini dowam etdirmegi üçin iňňän möhüm ýaly görünýär. Giç galynandygy aýdylýan hem bolsa Liwiýa göçümi Türkiýäniň Ortaýer deňizi zolagynda garşy blogyň emele gelmegine bökdençlik döredip biler. Şol bir wagtda Türkiýäni Liwiýada çözgüdiň we gepleşikleriň tarapyna öwürdi.

Türkiýe-Gresiýa bäsleşigine laýyklykda emele gelen we NATO-nyň günorta ganadynda täze bir dartgynlyk giňişligini döreden Günbatar Ortaýer deňizindäki geosyýasatda bolsa Türkiýäniň göreşi diýseň aldym-berdimli geçýär. Esasanda S-400 bilen tapgyrlaýyn goranyş we ýüz öwürdiji ukyba eýe boljak Türkiýe eýe bolan güýç mümkinçiligi bilen Gresiýanyň harby deňramlylyk döretme mejburlygyny ýüze çykardy. Şol sebäpli Gresiýa Türkiýä garşy ýaranlyk ulgamyny döredip, Ortaýer deňizi oazisinde Türkiýäniň pozisiýasyny ejizletmek isleýär. Müsür bilen gazanylan ylalaşyk şol deňagramlaşdyrma tagallasynyň mysallaryndan biri bolup durýar. Beýleki tarapdan ABŞ-nyň şol pozisiýany berkitjek başlangyçlara girişjekdigi aç-açan görülýär we hasam güýçlenmegine garaşmak ýerliksiz bolmasa gerek. ABŞ-nyň Gresiýadaky käbir bazalaryny güýçlendirmegi şonuň alamaty bolsa gerek.

Türkiýäniň Ortaýer deňiziniň üç geosyýasy zolagynda pozisiýa eýelemegi üçin ýüz öwürdiji güýjüniň kuwwatlanmagy, güýçlerinden ýerlikli peýdalanmagy, gerek bolan halatynda harby güýç ulanmakdan çekinmeýän ukyba eýe bolmagy hökmany. Ol Türkiýäniň bäsleşikçi we çäklendiriji howpsyzlyk zolagynda pozisiýasyny gorap saklamanyň esasy ýollaryndan biridir.



Degişli Habarlar