Prezident Erdoganyň Moskwa Sapary

Ýewraziýa Syn

1377972
Prezident Erdoganyň Moskwa Sapary

 

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda Prezident R.T.Erdoganyň Moskwa guran saparyna ser salmakçy.

Prezident R.T.Erdogan üstümizdäki aýyň 5-nde bir günlük sapar bilen Moskwada boldy. Mesele Idlibdi we mälim bolşy ýaly 27-nji fewralda türk goşunyndan İdlibde 34 esger şehit bolupdy, soň türk ýaragly güýçleriniň gaýtawul görkezmegi netijesinde Siriýanyň hökümetine degişli güýçlere agyr zarba urlupdy, Türkiýe serhedine täze bir bosgun akymy başlap, İdlibde dartgynlyk möwjäpdi.

Kremlde geçirilen özara duşuşykdan soň Siriýada hemaýatkär ýurtlar bolan Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda ylalaşyk gazanylandygy habar berildi. Gazanylan ylalaşyga laýyklykda 2020-nji ýylyň 6-njy martyndan başlap Idlibde hüjümler bes edildi, M4 gara ýolunyň demirgazygynda we günortasynda 6 kilometr çümmüşde howpsyz zolak dörediler. Şeýle hem türk we rus esgerleri 15-nji martdan başlap sebitde bilelike gözegçilik geçirerler. Bu ylalaşyk diňe bir Idlib meselesiniň çözülmegi taýdan däl, Türkiýe-Russiýa gatnaşyklarynyň geljegi, sebitiň durnuklylygy taýdan hem möhümdir.

Moskwada parasatlylygyň üstün çykmagy iki tarap üçin hem bähbitli boldy. Russiýa Türkiýe bilen gatnaşyklary bozmak bilen energetika, transport, goranyş, azyk howpsyzlygy ýaly strategik ugurlarda ynamdar strategik hyzmatdaşy ýitirerdi we olaryň öwezini dolmak Kreml üçin ýeňil bolmazdy. Ruslaryň Gara deňizde, Günorta Kawkazda, Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada arkaýyn hereket etmegi Türkiýe bilen edýän gatnaşyklaryna baglydyr. Rus syýahatçylary taýdan Türkiýäniň ýerini tutjak başga ýurduň bardygyny aýtmak mümkin bolmasa gerek.

Russiýanyň hökümeti eger Siriýa meselesi sebäpli Türkiýe bilen duşman bolmagy pikir edende Russiýa Federasiýasyndaky däl, Garasyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlardaky türk we musulman halklaryň pozisiýalaryny hem ünsden düşürmeli däl. Türkiýäniň şol sebitdäki ýumşak güýji we pozisiýasy ünsden düşürilmeli däl.

Türkiýe üçin Siriýanyň demirgazygynda howpsyz zolagyň döredilmegi ykbal meselesidir. Hem sebitiň terrorçylardan saplanmagy hem täze bir bosgun akymynyň öňüniň alynmagy taýdan howpsyzlyk zolagyň döredilmegi iňňän zerrurdyr. Siriýa meselesi ýüze çykanda Siriýa jemlenen global güýçleriň esasy bölegi häzirki wagtda bir gyra çekilip, meselä daşda syn etmegi saýlap alýar. İne şol sebäpli Türkiýäniň günbatardaky gümrük geçelgelerini bosgunlara açmagy ýerlikli göçümdir. Türkiýe Siriýa meselesiniň başlan gübünden bäri siriýaly bosgunlara iň amatly şertleri döretdi. Häzirki wagtda bolsa olary Siriýanyň demirgazygyna ornaşdyryp, meseläni düýpleý çözmegi meýilleşdirýär.

2020-nji ýylyň 5-nji martynda gazanylan Türk-Rus ylalaşygy Siriýa meselesini doly çözmeýän hem bolsa, meseläniň agyrlaşmagynyň öňüni aldy. ylalaşygyň tekstiniň arap dilinde taýarlanmagy, Asadyň Türkiýe hakynda parasatly ýüzlenmeler bermäge başlamagy meseläniň çözülmeginde Türkiýe we Russiýa faktorynyň hasam güýçlenjekdigini görkezýär. Aýratynam “Bahar galkany” operasiýasy bilen Türkiýe meseläniň çözgülmeginde berk pozisiýa eýeleýändigini ýene-de bir gezek subut etdi.

Erdogan we Putin 5-nji martda syýasatyň we diplomatiýanyň ähmiýetini ýene-de bir gezek tassykladylar. Geljekki tapgyrlarda-da meseläniň çözülmegi taýdan ýokary derejeli duşuşyklar geçirilmäge dowam eder.



Degişli Habarlar