Türk Daşary Syýasatyna Syn 46

ABŞ-nyň Eýrana garşy goý ansanksiýalary we şol sanksiýalaryň türk daşary syýasatyndaky beýany

1089791
Türk Daşary Syýasatyna Syn 46

ABŞ-nyň Eýrana garşy golaýda güýje giren sanksiýalary Eýran bilen söwda gatnaşyklaryny edýän ýurtlara dürli taraplardan täsirini ýetirer. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda Eýrana garşy sanksiýalary we şol sanksiýalaryň türk daşary syýasatyndaky beýanyny analiz etmekçi.

Karatekin uniwerstitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri, Dr. Jemil Dogaç Ipegiň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

ABŞ-nyň Eýrana garşy embargosynyň ikinji tapgyry 5-nji noýabrda güýje girdi. Ikinji tapgyrda nebit we tebigy gaz bilen birlikde energetika pudagyna degişli önümleriň söwdasy, port dolanşygy, gämi söwdasy, ätiýaçlandyryş we halkara bank ulgamy bilen bagly hyzmatlar sanksiýalaryň çägine girizildi. Şol seneden başlap Eýranyň Milli Nebit Kompaniýasyna, Eýranyň Nebit Söwdasy Firmasyna we Milli Tanker Firmasyna halkara çäklendirmeler girizildi. Şeýlelikde ykdysady taýdan esasan nebite bagly bolan Eýranyň nebit we nebit önümleriniň eksportyna sanksiýalar goýulmaga başlandy. “Fakts Global Energiniň” görkezijilerine görä, Eýranyň nebit eksporty onsuz hem aprel aýyndan bäri aşaklamaga başlapdy. Şol görkezijilere görä sanksiýalaryň güýje girmeginden soň Eýranyň günde 3 million barrele barabar bolan nebit eksportynyň 2 million barrel aşaklap, 1 million barrele düşjekdigi çaklanylýar. Noýabr we dekabr aýlarynda bolsa Eýranyň günlük nebit eksportynyň 1,3-1,4 million barrelden hem düşmegine garaşylýar.

Nebit öndüriji ýurtlar Eýrana goýlan sanksiýalaryň bazarlardaky täsirini azaltmak üçin önümçiligi artdyrjakdyklaryny we onuň dowam etmeginde ygrarlydyklaryny beýan etdiler. Ol hem global bazarlarda Eýrana goýulan nebit eksporty embargosynyň ýüze çykarjak kynçylyklaryny belli bir derejede ortadan aýyrar. Global nebit bahalarynda ýüze çykjak gysga möhletli ýokarlamadan soň, ýaňadandan kadalaşmagyna garaşylýar. Şeýlelikde nebitiň nyrhynyň 74-85 dollar aralygynda dowam etmegi göz öňünde tutulýar. Bar bolan görkezijiler hem nebit bazarynda üpjünçiligiň ýokarlaýandygyny görkezýär. Halkara Energetika Gullugynyň nebit bazary baradaky aýlyk habarnamasyna görä OPEK-iň çig nebit önümçiligi günlük 100 müň barrel ýokarlap, 32,78 million barrele çenli ýokarlap, soňky bir ýyldaky iň ýokary çäge ýetdi. Sentýabr aýynda OPEK-iň çäginde günlük mukdarda esasy önümçilik artyşy Saud Arabystanynda boldy. Saud Arabystany günlük nebit önümçiligi 100 müň barrel ýokarlap, 10,52 barrele çenli ýokarlady.

ABŞ-nyň goýan goşmaça sanksiýalarynyň esasy bir özboluşlygy bar. Şol embargo diňe bir Eýrany däl, onuň bilen işleşýän ýurtlary hem nyşana alýar.

Türkiýe we ýene-de birnaçe ýurt şol embargodan bölekleýin hem-de wagtlaýyn boşadyldy. Beýleki tarapdan Amerikan hökümeti Eýrana ozal görülmedik derejede ykdysady basyş edýär.

Mälim bolşy ýaly Tramp prezidentlige dalaşgär bolup, saýlaw kampaniýasyny geçirende Eýran bilen 2015-nji ýylda gol çekişilen ýadro ylalaşygyna garşylyk görkezipdi. Saýlanan halatynda aldaw hökmünde häsýetlendiren ylalaşygyndan çekiljekdigini wada beripdi. Şeýlelikde geçen maý aýynda şol wadasyny berjaý etdi we ylalaşykda bir taraply häsýetde ABŞ-nyň goluny yzyna çekdi.

Amerikan hökümetiniň ylalaşykdan çekilmegiň sebäbi, ylalaşygyň Eýrany ýadro ýaragyny öndürmekden çetleşdirmejekdigi baradaky argumente esaslanýar. Emma embargonyň aňyrsynda durýan beýleki bir sebäp hem Eýranyň hökümetiniň imperial syýasat alyp barmagy, Siriýanyň içerki işlerine goşulyşmagy, Hizbullaha we beýleki terror guramalaryna goldaw bermegi.

Tramp Eýranyň hökümetini embargo arkaly şol syýasatyndan el çekdirmegi maksat edinýär. Görnüşine görä maksat şeýle: Embargonyň ýüze çykarjak ykdysady kynçylyklary halky bizar eder, hökümete garşy basyş emele getirer we netijede hökümet iş başyndan gider ýa-da syýasatyny özgertmeli bolar.

Türkiýe Eýrana goýulan sanksiýalaryň bir taraply bolmagy sebäpli oňa garşy durýar. Eýran Türkiýäniň tebigy gaz importynda ikinji orny eýeleýär. Türkiýe Eýrandan ýylda 9,5 milliard m3 gaz alýar we şertnamanyň hökümlerine laýyklykda Türkiýäniň gaz üpjünçiligi sebäpli şol söwdanyň dowam etjekdigi çaklanylýar. 2017-nji ýylyň görkezijilerine görä Türkiýäniň nebit import edýän ýurtlarynyň hatarynda birinji orny Eýran eýeleýär. Türkiýäniň Eýrandan nebit importyny wagtyň geçmegi bilen başga ýurtlar bilen öwez etmegine garaşylýar. Şeýle-de Türkiýe gysga möhletde Eýran bilen edýän söwda gatnaşyklaryny ýerli pul birligi bilen amala aşyrmagy saýlap alar. Türkiýe nebit we nebit önümleriniň sarp edilişini tygşytlap, bazarda ýüze çykmagy ähtimal üpjünçilik-isleg deňagramsyzlygynyň öňüni almaga synanşyp biler.

Geçen ýyllardaky mysallara seredilende; embargonyň awtokratik dolanşyk ulgamlarynda özgerlişige sebäp bolmady. Halkara gatnaşyklarynda ykdysady sanksiýalardan taryhyň irki döwürlerinden bäri peýdalanylýar. Emma sanksiýalar iňňän seýrek görnüşde goýulan ýurtlaryň ýa-da karar kabul edijileriň ilki başda isleýän syýasy özgerlişiklerini ýola goýmak taýdan üstünlikli bolup bilerler. Politologiýa, halkara gatnaşyklar we ykdysady edebiýatda sanksiýalaryň söwda mukdaryny we ykdysady önjeýliligi peseldýändigi, ýaşaýyş şertlerini ýaramazlaşdyrýandygy görülýär. Şeýle-de sanksiýa sezewar bolan hökümetiň basyş astyna alynandygy düşünjesini ýaýbaňlandyryp, jemgyýetleriň liderlerini goldamagyna sebäp bolandygy, ýa-da sanksiýany başladan güýçlere garşy halkara hyzmatdaşlyklaryny ýüze çykarandygy baradaky analizlere gabat gelmek mümkin. Sanksiýalar gynansagam halka zyýan berýär, jerimesini raýatlar çekýär. Şeýle sanksiýalaryň esasanda diktatorlyklarda ýüze çykarýan netijelerinden biri hem radikal diskurslary has-da ýaýbaňlandyrmagy we radikalizmi güýçlendirmegidir. Eýran üçin hem goşmaça sanksiýalar şeýle netijeleri ýüze çykaryp biler. Ol Eýranyň dolanşyk ulgamynyň Ýakyn Gündogardaky syýasatlaryna hem düýpli täsir ýetirip biler.

Netijede bu embargo halkara platformalarda täze bir çekeleşige ýa-da dartgynlyklara sebäp bolup biler. Ykdysady taýdan bolsa nebitiň nyrhlarynda çaklanylmadyk durnuksyzlyk köp sanly ýurtda infliýasiýa we durgunlyga sebäp bolup biler.



Degişli Habarlar